Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine saparynyň çäklerinde geçirilen iş maslahatynyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we şäheriň häkimi G.Mämmedowa täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler barada giňişleýin maglumat berdi. Bu barada TDH habar berýär.
Hasabatlarda bellenilişi ýaly, Arkadag şäheriniň gurluşygynyň birinji tapgyrynda 7368 maşgala niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlary bina edildi. Ikinji tapgyryň çäklerinde bolsa 4284 maşgala niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň, şol bir wagtyň özünde medeni-durmuş maksatly binalaryň, orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygy meýilleşdirildi.
Täze gurulýan ýaşaýyş jaýlary häzirki zaman talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylyp, olarda amatly ýaşamak we dynç almak üçin ähli zerur şertler üpjün edilýär. Şäher açylan pursatyndan bäri geçen gysga wagtyň içinde bu ýerde müňlerçe täze iş orunlary döredildi we bagtyýar maşgalalaryň müňlerçesi täze jaýlara göçüp geldi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini güýçlendirmegiň we gurluşyklarda ýokary hil derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Gurbanguly Berdimuhamedow ähli amatlyklary özünde jemleýän ýaşaýyş jaýlaryna ilaty göçürip getirmek işlerini dowam etdirmegi tabşyrdy.