ABŞ-nyň merkezi ştatlarynda tüweleý zarbasy: tupan 17 gezek gaýtalandy

  • 24.04.2026 18:54
  • 10k+

23-nji aprelde ABŞ-nyň Beýik düzlüklerinde — Tehasdan başlap, Beýik köller sebitine çenli aralykda 17 sany tüweleý zarbasy bolup geçdi. Iň güýçli zarba Oklahoma ştatynyň demirgazyk-günbatar bölegine degdi.

​Milli meteorologiýa gullugy sebitde adatdan daşary ýagdaý yglan etdi. Tornadolar Oklahoma ştatyndan Missuri we Aýowa ştatlaryna çenli giňişligi öz içine alan güýçli tupanlardan soň emele geldi.

​Iň uly weýrançylyk ilaty 50 müň töweregi bolan Enid şäherinde bellige alyndy. Bu şäher Oklahoma-Siti şäherinden 150 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Tebigy betbagtçylyk ýaşaýyş jaýlaryny zaýalady, birnäçe kollejlere we howa menziline zyýan ýetirdi. Şäheriň çägindäki Wens howa bazasy hem zyýan çekdi.

​Ýerli adatdan daşary ýagdaýlar gullugynyň maglumatyna görä, Enidiň günortasynda 10-11 adam ejir çekdi. Olaryň ýeňil derejede şikes alandygy habar berilýär. Iň köp zyýan çeken sebitlerde gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. Oklahomanyň gubernatory Kewin Stitt sosial ulgamlarda ýaşaýjylary ejir çekenler üçin doga-dileg etmäge çagyrdy.

​Ýetirilen zyýanyň möçberi takyklanýar. Tornadonyň Faýrmont şäheriniň tarapyna hereket edýändigi habar berilýär. Arkanzas we Missisipi ştatlarynda bolsa suw joşmalarynyň bolmak ähtimallygy saklanyp galýar.


şu gün 12:37
4.3k+

Wenesuelada iki güýçli ýer titremesi boldy

24-nji iýunda Wenesuelada 7,2 we 7,5 bal güýjünde iki güýçli ýer titremesi bolup, Karakasda we ýurduň beýleki ýerlerinde uly ýitgiler boldy. Häkimiýetler adatdan daşary ýagdaý yglan etdiler. Ölenleriň we......

düýn 18:53
10k+

Tebigy hadysalar taryhy täzeden ýazanda: dünýäni üýtgeden 5 tebigy betbagtçylyk

Tebigy betbagtçylyklar adatça uly möçberli weýrançylyklar bilen utgaşyp gelýär. Emma taryh olaryň käbirleriniň has köp zada ukyplydygyny görkezýär - olar adamzadyň ösüşiniň ugruny üýtgedip hem bilerler....

düýn 09:31
6k+

Seýsmologlar: 2011-nji ýyldaky ýertitreme Ýaponiýany 6 mm gündogara süýşürdi

Seýsmologlaryň halkara topary 2011-nji ýyldaky Beýik gündogar ýapon ýertitremesiniň ýetiren adatdan daşary bir täsirini ýüze çykardy. «Science» žurnalynda neşir edilen ylmy barlag esasy sarsgyndan birnäçe......

20.06.2026 14:57
7.4k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....