Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

  • 06.05.2026 20:34
  • 10k+

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada THP habar berýär.

Maslahat «Binagärlik. Innowasiýalar. Durnukly ösüş» temasy astynda geçiriler. Ol döwlet edaralarynyň, halkara guramalaryň wekillerini, maýadarlary, taslama we gurluşyk kompaniýalaryny, binagärleri, inženerleri hem-de şäher gurluşygy boýunça hünärmenleri bir ýere jemlär. Ara alyp maslahatlaşmalaryň merkezinde şäher gurşawyny ösdürmek, infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak, sanly çözgütleri ornaşdyrmak we Aşgabadyň 2045-nji ýyla çenli uzak möhletleýin ösüşi bolar.

Häzirki wagtda gatnaşmak üçin 25 ýurtdan 100-den gowrak kompaniýa hasaba alyndy. 500-den gowrak wekiliň gelmegine garaşylýar. Forum hünär derejesindäki gepleşikler, tejribe alyşmak we maýadarlyk taslamalaryny öňe sürmek üçin amatly meýdança bolar.

Zaha Hadid Architects býurosynyň gatnaşmagynyň mümkindigi çärä goşmaça halkara ähmiýet berýär. Bu býuro meşhur Pritzker baýragyny alan ilkinji zenan binagär Zaha Hadid tarapyndan esaslandyryldy. Şu günki günde kompaniýanyň binagärleri arhitektura äleminiň hakyky ýyldyzlary hasaplanýar. Býuro inženerçilik tehnologiýalaryny we şäher gurşawyny döretmegiň täze usullaryny utgaşdyrýan döwrebap çözgütleri bilen meşhurdyr.

The Opus

Soňky ýyllarda býuro dünýäniň dürli künjeklerinde birnäçe ähmiýetli taslamalary amala aşyrdy. Mysal üçin, Dubaýda The Opus köptaraplaýyn toplumy guruldy. Şarjada BEEAH kompaniýasynyň ekologiýa ülňülerine esaslanýan edara ediş binasy döredildi. Er-Riýadda bolsa patyşa Abdalla adyndaky nebit gözlegleriniň ylmy-barlag merkezi, şeýle hem King Abdullah Financial District metro stansiýasy guruldy.

BEEAH Headquarters

Ýakynda býuro Täze Daşkentde (Özbegistan) Alyşir Nowaýy adyndaky halkara ylmy-barlag merkeziniň taslamasyny taýýarlady. 36 müň inedördül metr meýdany bolan toplumyň düzümine konsert zaly, kitaphana, ylmy-barlag merkezi we sungat mekdebi girer. Bina mahsus bolan egri çyzykly görnüşleri we kerpiçli arkalary bilen tapawutlanýar.

King Abdullah Petroleum Studies and Research Centre

Alisher Navoi International Scientific Research Render

Beýleki taslamalaryň arasynda Şarjadaky Aljada Central Hub jemgyýetçilik meýdançasy we Maskatdaky Al Khuwair şäher gurluşyk konsepsiýasy bar.

Geljekki forumyň çäklerinde BMG-niň düzümleriniň we halkara ösüş institutlarynyň gatnaşmagynda tegelek stol maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Gatnaşmak üçin hasaba alnyş 2026-njy ýylyň 17-nji maýyna çenli dowam eder. Giňişleýin maglumatlary forumyň resmi saýtyndan tapyp bilersiňiz: www.ashgabat-white-city.com.


şu gün 07:51
1.5k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......