Timmi atly läheň halas bolup, Demirgazyk deňzine özbaşdak ýüzüp gitdi

  • 04.05.2026 13:51
  • 9.8k+

Germaniýanyň kenarynda, Baltika deňziniň ýalpak ýerlerinde mart aýyndan bäri birnäçe gezek batyp galan 12 metrlik Timmi atly örküçli kit ahyry özbaşdak Demirgazyk deňzine ýüzüp gitdi. Bu barada Der Spiegel neşiri habar berýär.

Soňky günlerde deňiz biologlary we meýletinçiler kiti ýörite baržanyň kömegi bilen Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürmegiň ugruna çykypdylar. 2-nji maýda bolsa kit, entek hünärmenler ony iň soňky gezek barlamaga-da ýetişmänkäler, baržadan agdarylyp, açyk deňze çümüp gitdi. Birsalymdan Timminiň golaýrakda ýüzüp barýandygy görüldi.

Deňiz biology Fabian Ritter kitiň entek doly sagdyn däldigini aýdýar. Onuň ýalpak ýerlerde uzak wagtlap galandygy sebäpli, kadaly ýüzüp, iýmit tapyp biljekdigi gümana.

Halas ediş işleriniň hemaýatçysy Karin Waler-Mommertiň aýtmagyna görä, kit demirgazyk-günbatara tarap ugur aldy. Bu ýol ony Norwegiýanyň kenarlaryna we Arktika çykaryp biler.

Haýwanlary goraýan guramalar bolsa, eger Timmi Demirgazyk Atlantika baryp, şol ýerde-de uzak wagtlap diri galyp, özbaşdak iýmitlenip bilse, onuň doly halas edildigi bolar diýip hasaplaýarlar.

Şol sebäpli, häzirlikçe kitiň diri galmak mümkinçiligi, gynansak-da pesligine galýar.

Timmi mart aýyndan bäri Baltika deňziniň dürli ýerlerinde batyp gelýärdi. Hatda martyň ahyrynda kit bütinleý hereketini bes edende, resmi halas ediş işleri-de togtadylypdy. Emma meýletinçiler tagallalaryny dowam etdirdiler we 28-nji aprelde ony barža ýüklemegi başardylar. Göçürilýän wagty kitiň bedeninde ýeňil şikesler hem emele geldi.


şu gün 00:08
883

Atlantik ummanynda sargassum suwotylarynyň güllemegi hemişelik we üýtgewsiz hadysa öwrüldi

Günbatar Afrikadan Karib deňzine çenli takmynan 8000 kilometre uzalyp gidýän sargassum suwotylarynyň uly Atlantik guşagy ummanyň hemişelik ekoulgamyna öwrüldi. Howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa-Ortaýer deňzi......

düýn 18:42
2.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

düýn 11:45
1.7k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

düýn 01:26
11k+

Awstriýada goýunlar üçin «sowut» ýasaldy: möjekden goranmagyň adatdan daşary usuly

Awstriýanyň Karintiýa sebitiniň ýaşaýjysy goýunlar üçin daşy tikenli gorag lybasyny oýlap tapdy. Bu lybas böriler hüjüm edende malyň heläk bolmak howpuny azaltmalydyr. Emma bu oýlap tapyş haýwanlary......