Hindistanda goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300 sanysy gijikdirildi

  • 15.12.2025 17:38
  • 14k+

Hindistanda daş-töweregiň görünmezligine getiren we ulag gatnawlaryna zyýan ýetiren goýy tüsse sebäpli 100-den gowrak awiagatnaw ýatyryldy, ýene 300-e golaýy bolsa gijikdirildi. Nýu-Delide we onuň golaýyndaky sebitlerde ýagdaý has kynlaşdy, bu ýerde goýy zäherli tüsse ulag gatnawyny bökdedi diýip, NDTV habar berýär.

Awiagatnawlardan başga-da, tüsse demirýol gatnawyna-da zyýan ýetirdi. Ýollaryň görünmezligi sebäpli Nýu-Delä we ondan ugraýan 90-dan gowrak otly alty-ýedi sagat gijikdirildi.
Awiakompaniýalar ýolagçylara bolup biljek dyknyşyklar sebäpli howa menzillerine ýola düşülende goşmaça wagty göz öňünde tutmagy maslahat berýär.
Häkimiýetler bu ýagdaýa jogap hökmünde howanyň hapalanmagyna garşy göreşmek üçin iň ýokary çäklendiriji çäreleri girizdi. Nýu-Delide we Milli paýtagt okrugynda gurluşyk we sökmek işleri togtadyldy. Döwlet we hususy guramalaryň işgärleriniň ýarysy uzak aralykdan işlemek düzgünine geçdi, 11-nji synpa çenli mekdep okuwçylary bolsa garyşyk formatda okap başlady.
Hindistanyň Meteorologiýa departamenti sebitde howpuň «mämişi» derejesini yglan etdi. 


20.06.2026 14:57
7.3k+

Kamçatkanyň kenarýakalarynda bir gije-gündizde 30-dan gowrak ýertitreme boldy

Kamçatkanyň gündogar kenarýakasynyň çäklerinde 19-njy we 20-nji iýunda magnituda güýji 6,9-a çenli ýeten yzygiderli ýer titremeleri hasaba alyndy....

19.06.2026 10:08
3.4k+

«Artur» tropiki tupany Tehasyň 101 etrabynda adatdan daşary ýagdaý tertibiniň girizilmegine sebäp boldy

2026-njy ýylyň Atlantik harasatlar möwsüminiň ilkinji atlandyrylan tupany bolan «Artur» tropik tupany ABŞ-nyň günortasyndaky birnäçe sebitlerde sil suwlaryna we adatdan daşary ýagdaý düzgüniniň girizilmegine......

17.06.2026 11:34
5.9k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....