«Sag bol» aýtjak bolup oturmaň: ChatGPT-niň her bir jogaby üçin energiýa sarp edilýär

  • 21.04.2025 14:13
  • 6.9k+

OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçysy Sem Altman X sosial torunda ulanyjylaryň biriniň beren soragyna jogap berip, adamlaryň ChatGPT bilen söhbetdeşlikde ulanýan «sag bol» we «haýyş» ýaly adaty sözlerini işlemek üçin kompaniýanyň millionlarça dollar çykdajy edýändigini aýtdy. Bu barada «Tom's Hardware» ýazýar.

Altman bu çykdajylaryň onlarça million dollara ýetýändigini belledi, ýöne bu mukdaryň haýsy döwri öz içine alýandygyny anyklaşdyrmady. Şeýle-de bolsa, ol bu pullaryň peýdasyz däldigini, ýagny ýerlikli sarp edilendigini aýtdy. Görnüşine görä, ol adamkärçilikli aragatnaşyk medeniýetiniň hatda çat-bot bilen gatnaşyklarda-da saklanylmalydygyna ynanýar.
Çat-bota berilýän her bir sorag serwerleriň jogap bermek üçin energiýa sarp etmegine sebäp bolýar. Soňky hasaplamalara görä, GPT-4 diňe 100 söz döretmek üçin, üç çüýşe suw sarp edýär, bu suw serwerleriň sowadylmagy üçin ulanylýar. Şeýle-de munuň üstüne gönüden-göni sarp edilýän elektrik energiýasy hem goşulýar.


03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......

17.05.2026 19:53
2.9k+

Gazagystanda emeli aň sebäpli 400 müň iş orny gysgaldylar

Gazagystanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň birinji wise-ministri Ýerbol Tuýakbaýewiň senatda geçiren brifinginde beren beýanaty boýunça, ýurtda geljek 10 ýylyň içinde emeli aňyň......