ChatGPT dünýäniň iň meşhur 5 saýtynyň biri boldy

  • 17.05.2025 11:59
  • 1.9k+

Similarweb-iň reýtingine görä, chatgpt.com dünýäde iň köp girilýän saýtlaryň arasynda 5-nji orny eýeledi. Ulanyjylar bu saýtda ortaça 7 minutdan gowrak wagt sarp edýärler we her zyýaratda 4-den gowrak sahypa girýärler.

Birinji orunda Google-yň gözleg hyzmaty durýar – ulanyjylar bu saýtda ortaça 10,5 minut wagt sarp edýärler we 9 sahypa girýärler. Ýöne bir sahypa açyp, soňra sahypany ýapýanlaryň sany hem az däl – her dört adamyň biri şeýle edýär. Ikinji orunda bolsa, 20 minutlyk zyýarat we 13 sahypa bilen YouTube ýerleşýär.
Facebook we Instagram sosial torlary, degişlilikde, 3-nji we 4-nji orunda ýerleşýär. ChatGPT bu sosial torlara garanyňda ulanyjy bilen geçirilen wagt we sahypa sany boýunça birneme yza galýar. Muňa garamazdan, ulanyjylaryň sahypadan çalt çykyp gitme derejesi boýunça ol has gowy – ChatGPT üçin bu görkeziji – 29,59%, Facebook üçin – 29,78%, Instagram üçin bolsa – 33,12%.
ChatGPT uzak wagt bäri ilkinji bäşlikde ýerleşip gelýär. Fewralda 3,9 milliard gezek zyýarat edilip, ilkinji gezek Ilon Maskyň X.com sosial toruny geçdi. Sosial torlaryň trafiginiň köp bölegini mobil enjamlar düzýär, ChatGPT bolsa, esasan, kompýuterler arkaly köplenç iş günlerinde ulanylýar.
ChatGPT dynç günleri has netijeli işleýär, sebäbi şol günler ulanyjy sany az bolýar. Şeýle-de ChatGPT ulanýanlaryň köpüsi beýleki emeli aň gurallaryndan peýdalanmaýar.


01.03.2026 14:22
1.6k+

ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy...

25.02.2026 15:55
5k+

Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär...

13.02.2026 10:59
1.1k+

ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar...

31.01.2026 18:17
1.1k+

OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer

13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5...