ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar

  • 01.03.2026 14:22
  • 1.6k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady.

Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy.

"Ýylyň başynda abunaçylaryň goşulma depgini ep-esli çaltlandy: çaklamalara görä, ýanwar we fewral aýlary biziň taryhymyzda täze abunaçylaryň sany boýunça iň uly aýlar bolar. Adamlar ChatGPT-ni öwrenmek, tekst ýazmak, meýilleşdirme we döredijilik üçin ulanýarlar. Ulanyş gerimi giňeldigiçe, önüm ulanyjylaryň dessine duýup biljek görnüşinde kämilleşýär: has çalt jogaplar, ýokary takyklyk, güýçlendirilen howpsuzlyk we has durnukly iş akymy," — diýlip OpenAI-yň habarynda bellenilýär.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, OpenAI-yň her hepdede 800 million işjeň ulanyjy barada hasabat beren 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndan bäri, ChatGPT-niň diňleýjiler köpçüligi 100 million adam artdy.

Täze görkezijiler 110 milliard dollar möçberindäki hususy maýa goýumlaryny çekmek baradaky yglan edilmeginiň çäginde mälim edildi. Bu tapgyr hususy maliýeleşdirme taryhyndaky iň uly maýa goýumlaryň biri boldy. Maýadarlaryň arasynda degişlilikde 50, 30 we 30 milliard dollar maýa goýan Amazon, Nvidia we SoftBank bar. Maýa goýumlary alynmazdan ozal OpenAI-yň gymmaty 730 milliard dollar möçberinde bahalandyrylypdy. Maýa goýum tapgyry häzirki wagtda hem açyk bolmagynda galýar.


07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

23.04.2026 22:41
3.8k+

Germaniýada bir adam ChatGPT-niň kömegi bilen kazyýet işini utdy

Germaniýada emeli aňdan peýdalanyp, kazyýetde özüni aklamagy başaran adam barada täsin waka hasaba alyndy. Leýpsig şäheriniň ýaşaýjysy Dawid Hins öz goranyş çäresini ChatGPT neýroulgamynyň kömegi bilen......

22.03.2026 12:47
1.7k+

Sem Altman emeli aň üçin edil jemagat-hojalyk hyzmatlarynyňky ýaly tölemegi teklip etdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aňdan peýdalanmak üçin töleg usulyny üýtgetmegi we ony edil jemagat-hojalyk hyzmatlaryňka meňzeş etmegi teklip etdi. Gürrüň ulanyjylaryň edil suw ýa-da elektrik energiýasy üçin töleýişleri ýaly, diňe ulanylan mukdara görä töleg etmek barada gidýär...

25.02.2026 15:55
5.1k+

Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär...