Sem Altman emeli aň üçin edil jemagat-hojalyk hyzmatlarynyňky ýaly tölemegi teklip etdi

  • 22.03.2026 12:47
  • 1.7k+

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aňdan peýdalanmak üçin töleg usulyny üýtgetmegi we ony edil jemagat-hojalyk hyzmatlaryňka meňzeş etmegi teklip etdi.

Gürrüň ulanyjylaryň edil suw ýa-da elektrik energiýasy üçin töleýişleri ýaly, diňe ulanylan mukdara görä töleg etmek barada gidýär. Ol bu hakda Waşingtonda geçirilen «BlackRock Infrastructure Summit» sammitinde eden çykyşynda aýtdy.

Bu pikir EA kompaniýalarynyň çykdajylarynyň örän ýokarydygy we geljek girdejiniň näbellidigi sebäpli orta atyldy. Ýanwar aýyndaky hasabata görä, OpenAI kompaniýasy 2026-njy ýylda takmynan 14 milliard dollar zyýan çekip biler, 2027-nji ýylyň ortalaryna çenli bolsa çökgünlige düşmek töwekgelçiligi-de bar.

ChatGPT-iň ýyllyk girdejisi tas 13 milliard dollara barabardyr, emma infrastruktura, ylmy barlaglar we işgärler üçin edilýän çykdajylar örän uly bolup, 1,4 milliard dollara ýetýär. Mundan başga-da, ýokary hilli maglumatlaryň we hasaplaýyş kuwwatynyň ýetmezçiligi hem uly mesele döredýär.

Häzirki wagtda kompaniýa tölegli abunalar we ABŞ-da mahabatly mugt elýeterlilik ýaly garyşyk görnüşleri ulanýar. Ulanan mukdaryňa görä töleg etmek ulgamyna geçilmegi bu ýagdaýy üýtgedip biler.

Altman emeli aňa bolan islegiň örän çalt artýandygyny belledi. Şunda hasaplaýyş serişdeleriniň ýetmezçiligi bahalaryň galmagyna ýa-da elýeterliligiň çäklenmegine sebäp bolup biler. Täze model emeli aňy seýrek ulanýanlar üçin amatly bolup biler, ýöne ony iş üçin yzygiderli ulanýanlara has gymmada düşmegi ahmal.


25.06.2026 10:21
4.6k+

Özbegistanda emeli aň tutuş mähelläniň meselelerini çözmäge kömek eder

Özbegistanda mähellelerdäki iň derwaýys meseleleri ýüze çykarmak we olary çözmek boýunça çalt çäreleri görmek üçin emeli aň esasly ulgam ornaşdyrylar. Degişli teklipler ýurduň prezidenti Şawkat Mirziýoýewe......

17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.4k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.2k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......