Adama akylly bolmak üçin 20 ýyl we tonnalarça azyk gerek: Altman emeli aň bilen adamyň energiýa sarp edişini deňeşdirdi

  • 25.02.2026 15:55
  • 5k+

OpenAI-yň ýolbaşçysy Sem Altman emeli aň ulgamlarynyň energiýa netijeliliginiň adam aňynyň ösüşi üçin sarp edilýän çykdajylar bilen deňeşdirerlikdigini ýa-da ondan hem ýokarydygyny öňe sürýär diýip, Tom's Hardware habar berýär.
Kompaniýanyň ýolbaşçysy öz garaýyşlaryny The Indian Express neşiriniň çäresinde we X sosial ulgamynda beýan etdi.

Köp bilermenler adam beýnisiniň az energiýa bilen köp iş bitirýändigini, emeli aňy okatmagyň bolsa uly maglumat merkezleri bilen ägirt möçberde energiýa talap edýändigini aýdýar. Şunuň esasynda EA-nyň netijeliligi adamyňkydan pes diýlen düşünje gelip çykýar.
Ýöne Sem Altmanyň pikiriçe, neýroulgamlaryň we beýniniň sarp edýän energiýasyny gönüden-göni deňeşdirmek nädogry bolar, sebäbi bu ýagdaýda adamyň kemala gelmegi üçin öňünden sarp edilýän maýa goýumlary hasaba alynmaýar. Altman akyl taýdan kämil şahsyýetiň kemala gelmegi üçin 20 ýyl töweregi ömrüň we ägirt uly möçberde azyk önümleriniň gerekdigini nygtaýar.
«Adamlar emeli aň modelini okatmak üçin näçeräk energiýanyň gerekdigi barada gürleýär... Ýöne adamy okatmak üçin hem köp energiýa gerek ahyryn. Akylly bolmazdan ozal, munuň üçin 20 ýyl töweregi ömür we bu döwürde iýjek ähli iýmitiňiz sarp edilýär» – diýip, Altman ýazdy.
Mundan başga-da, OpenAI-yň ýolbaşçysy hasaplamalarda bilimleri toplap gelen ýüz milliardlarça ata-babalaryň ewolýusiýa ýoluny hem nazara almagy teklip etdi.
Şeýlelikde, onuň logikasyna görä, bularyň ählisini göz öňünde tutsaň, onda EA-ny döretmek we okatmak üçin sarp edilýän energiýa o diýen gözçykgynç görünmeýär, käbir ýagdaýlarda hatda netijeli hem bolup biler.
Pudagyň bilermenleri bu aýdylanlara şübheli garap, OpenAI-yň tehnologiýalarynyň özüniň hem adam aňynyň önümidigini belledi.
Sözüniň ahyrynda kompaniýanyň ýolbaşçysy ilat bilen serişdeler ugrunda bäsleşigi aradan aýyrmak üçin durnukly energiýa çeşmelerine geçmegiň zerurdygyny görkezdi.


01.03.2026 14:22
1.6k+

ChatGPT her hepdede 1 milliard işjeň ulanyjy sanyna ýakynlaşýar

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-ni her hepdede işjeň ulanýanlarynyň sanynyň 900 million adama ýetendigini habar berdi. Şeýlelikde, bu hyzmat 1 milliard ulanyjy çägine has-da golaýlady. Şol bir wagtyň özünde, tölegli abunaçylaryň sany 50 milliona çenli ýokarlandy...

20.02.2026 14:01
1.9k+

Kazyýet OpenAI-iň «Cameo» sözüni ulanmagyny gadagan etdi

Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy...

13.02.2026 10:59
1.1k+

ChatGPT-de mahabat hyzmaty synag edilip başlandy

OpenAI kompaniýasy ChatGPT platformasynda mahabatlary görkezmek boýunça synaglara başlady. Häzirki wagtda bu synag diňe ABŞ-daky hasaba alnan uly ýaşly ulanyjylara degişlidir. Synag hem mugt wersiýany, hem-de käbir tölegli nyrhnamalary öz içine alýar...

31.01.2026 18:17
1.1k+

OpenAI 13-nji fewraldan başlap GPT-4o we beýleki köne modellerini öçürer

13-nji fewraldan başlap OpenAI kompaniýasy ChatGPT interfeýsinden könelen emeli aň modellerini aýyrýar. Ulanyşdan aýryljak modelleriň hatarynda GPT-4o, GPT-4.1, GPT-4.1 mini we OpenAI o4-mini bar. Işläp düzüji mundan beýläk ähli ünsüni GPT-5 seriýasynyň häzirki zaman wersiýalaryna, hususan-da, ulanyjylaryň aglaba böleginiň makullaýan GPT-5...