«Arsenal» soňky 22 ýylda ilkinji gezek Angliýanyň çempiony boldy

  • 20.05.2026 07:33
  • 6.9k+

Londonyň «Arsenal» kluby Angliýanyň Premýer-ligasynyň (APL) 37-nji tapgyrynyň çäginde «Bornmut» bilen «Mançester Siti» toparlary deňme-deň oýnandan soň, möhletinden ir Angliýanyň çempiony diýen tituly gazandy.

Bornmutdaky «Witaliti» stadionynda geçirilen duşuşyk 1:1 hasabynda tamamlandy.

«Bornmutyň» düzüminde goly Eli Žunior Krupi (39-njy minut) girizdi, «Mançester Sitide» bolsa Erling Holand (90+5) tapawutlandy.

Şeýlelikde, «Arsenal» 82 utuk bilen Angliýanyň çempionatynyň sanawynda birinji orny eýeleýär. Ol möwsümiň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda iň ýakyn bäsdeşi «Mançester Sitiden» dört utuk öňe geçmegi başardy. «Bornmut» bolsa 56 utuk bilen altynjy ýerde ýerleşýär.

Londonyň topary 14-nji gezek Angliýanyň çempiony boldy we bu görkeziji boýunça diňe «Mançester Ýunaýted» hem-de «Liwerpul» (20 titul) toparlaryndan yza galýar. «Arsenal» soňky gezek tituly 2003/2004 möwsüminde, bütin çempionaty bir gezek hem utulmazdan (38 oýunda 26 ýeňiş we 12 deňme-deňlik) tamamlap gazandy.

«Arsenalyň» 16 ýaşly oýunçysy Maks Douman Premýer-liganyň taryhynda iň ýaş çempion boldy. Ýeňiş gazanylan wagty onuň ýaşy 16 ýyl 139 güne deňdi. Ozal bu rekord «Mançester Sitiniň» hawbegi Filip Fodene degişlidi, ol ilkinji gezek 17 ýaş 350 günlüginde çempionlygy aldy.

Häzirki möwsümde Douman APL-de 5 oýna gatnaşyp, bir gol geçirmegi başardy.

Şeýle-de, «Arsenal» Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy we 30-njy maýda Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary bilen oýnar.


05.06.2026 15:52
10k+

Transfermarkt: Abdukodir Husanow Aziýanyň iň gymmat futbolçysy

«Mançester Siti» toparynyň we Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goragçysy Abdukodir Husanow Transfermarkt internet portalynyň täze maglumatlaryna görä, Aziýanyň iň gymmat bahaly futbolçysyna öwrüldi. Portal......

31.05.2026 03:30
9.4k+

«PSŽ» bassyr ikinji ýyl Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» topary yzygiderli ikinji möwsüm UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy. Ol ýaryşyň finalynda Angliýanyň «Arsenal» klubuny utdy. Aýgytlaýjy duşuşyk Budapeşt şäheriniň «Puşkaş......

22.05.2026 20:21
9.3k+

«Gitmegimiň sebäbini soramaň»: Gwardiola uly abraý bilen «ManSitini» terk edýär

«Mançester Siti» kluby baş tälimçi Hosep Gwardiolanyň şu tomusda topardan gitjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Ispaniýaly hünärmen 2016-njy ýylyň iýul aýyndan bäri kluba ýolbaşçylyk edip, baş tälimçi......

17.05.2026 11:50
6.8k+

Semenýonyň ajaýyp goly «ManSitä» Angliýanyň Kubogynyň finalynda ýeňiş getirdi

«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi....