«Arsenal» «Atletikony» ýeňip, 20 ýyldan soň ilkinji gezek Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 06.05.2026 11:43
  • 8.3k+

«Arsenal» Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Atletikony» 1:0 hasabynda ýeňdi. Iki oýnuň netijesi boýunça london kluby 2:1 hasabynda ýeňiş gazanyp, soňky 20 ýylda ilkinji gezek finalda oýnamaga hukuk gazandy.

Oýundaky ýeke-täk gol birinji ýarymyň ahyrynda geçirildi. Leandro Trossaryň urgusyndan soň derwezeban Ýan Oblak topy yzyna gaýtardy, emma Bukaýo Saka topa birinji bolup ýetişdi we ony dessine derwezä ýollady.

Duşuşygyň ahyryna çenli «Arsenal» goragda hatyrjem oýnap, garşydaşyna howply pursatlary döretmäge maý bermedi we netijede ýeňşini goramagy başardy.

Oýnuň iň gowy futbolçysy diýlip «topçularyň» ýarym goragçysy Deklan Raýs saýlandy.

«Arsenal» Çempionlar ligasynyň şu möwsüminde enteg-ä ýeňilmezekligini elden bermän barýar. Topar özüniň ýeňilmesiz oýunlar tapgyryny 14 duşuşyga ýetirip, klubuň täze rekordyny goýdy. Mundan başga-da, Artetanyň şägirtleri şu möwsümde ähli ýaryşlarda 41-nji ýeňşini gazanyp, 1970/71 möwsüminde goýlan rekordy gaýtaladylar.

Finalda «Arsenal» «Pari Sen-Žermen» bilen «Bawariýa» oýnunyň ýeňijisi bilen duşuşar. Bu toparlaryň arasyndaky oýun 7-nji maýa geçilýän gije bolar.

Final duşuşygy 30-njy maýda Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler.


düýn 22:49
3.2k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.5k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......