Finalyň ady: PSŽ - «Arsenal». «Bawariýa» bilen deňme-deň oýnan PSŽ Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy

  • 07.05.2026 10:24
  • 6.7k+

UEFA Çempionlar ligasynyň ýarym finalynyň jogap duşuşygynda «Pari Sen-Žermen» Mýunhende «Bawariýa» bilen 1:1 hasabynda deňme-deň oýnady. Iki oýnuň umumy netijesi boýunça 6:5 hasabynda öňe saýlanan parižliler turniriň finalyna ýollanma aldylar.

Eýýäm 3-nji minutda Hwiça Kwarasheliýanyň çep ganatdan beren netijeli pasyny Usman Dembele gol bilen jemledi we topy derwezäniň ýokarky söýesiniň aşagyndan tora gönükdirdi.

Gol goýberenden soň «Bawariýa» oýnuň ugruny üýtgetmäge çalyşdy. Jamal Musialanyň howply urgularyna parižlileriň derwezebany Matweý Safonow şowly gaýtargylar bilen jogap berdi. Beýleki tarapda bolsa Manuel Noýer Žoau Neweş, Dezire Due we Kwarasheliýanyň urgularyny yzyna serpikdirip, toparyny hasabyň ulalmagyndan halas etdi.

Duşuşygyň goşmaça berlen 4-nji minutynda Alfonso Dewisiň pasyndan soň Garri Keýn hasaby deňledi. Bu gol iňlis hüjümçisiniň turnirdäki 14-nji goly boldy, ýöne bu netije-de «Bawariýa» üçin ýeterlik bolmady.

PSŽ-niň goragçysy Willian Paço duşuşygyň iň gowy oýunçysy diýlip saýlandy.

PSŽ yzly-yzyna iki gezek finala çykan ilkinji fransuz kluby boldy. Şeýle-de parižlileriň «Real Madridden» soň öz çempionlyk titulyny gorap biljek ikinji topar bolmaga mümkinçiligi bar.

PSŽ-niň şu möwsümdäki gollarynyň sany 44-e ýetdi. Indi «Barselonanyň» 26 ýyl öň goýan möwsümleýin rekordyna ýetmek üçin topara ýekeje gol gerek.

​Çempionlyk ugrundaky çözüji duşuşyk 30-njy maýda Wengriýanyň paýtagty Budapeştde geçiriler. Onda PSŽ we «Arsenal» (Madridiň «Atletikosyny» ýeňen) duşuşarlar. Oýun Aşgabat wagty bilen sagat 21:00-da başlar.


düýn 22:49
2.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
8.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......