Semenýonyň ajaýyp goly «ManSitä» Angliýanyň Kubogynyň finalynda ýeňiş getirdi

  • 17.05.2026 11:50
  • 6.8k+

«Mançester Siti» futbol kluby final oýnunda Londonyň «Çelsi» toparyny 1:0 hasabynda utup, 2025/26 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Duşuşyk 16-njy maýda paýtagtyň «Wembli» stadionynda geçirildi.

Oýnuň ykbalyny çözen ýeke-täk gol 72-nji minutda girizildi. «ManSitiniň» ganaly wingeri Antuan Semenýo hüjümçi Erling Holandyň beren urgusyndan soň, topy ökjesi bilen derwezäniň burçuna gönükdirip goýberdi.

Bu üstünligiň netijesinde «Mançester Siti» taryhynda sekizinji gezek Angliýanyň Kubogynyň eýesi boldy. Bu abraýly ýaryşda gazanylan ýeňişleriň umumy sany boýunça Londonyň «Arsenal» topary öňde barýar, onuň hasabynda 14 titul bar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Hosep Gwardiolanyň şägirtleri yzygiderli dördünji ýyl bu ýaryşyň aýgytlaýjy tapgyryna ýetmegi başardy. 2023-nji ýylda topar «Mançester Ýunaýtedi» 2:1 hasabynda üstünlikli utdy. Ýöne şondan soň kubogy final oýunlarynda yzygiderli iki gezek elden gidirdi: 2024-nji ýylda topar şol bir «Mançester Ýunaýtedden» 1:2, 2025-nji ýylda bolsa «Kristal Pelas» toparyndan 0:1 hasabynda utuldy.


18.06.2026 10:36
4.6k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......

16.06.2026 10:04
6k+

«Real» «Çelsiden» Mark Kukurelýany satyn alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» «Çelsiniň» goragçysy Mark Kukurelýany toparyna goşandygyny yglan etdi. Ispaniýaly futbolçy bilen baglaşylan şertnama 2032-nji ýyla çenli niýetlenen....

14.06.2026 15:15
12k+

Dünýä çempionatyndaky ilkinji oýnundan öň Angliýanyň milli ýygyndysynyň goşlary ogurlandy

Angliýanyň milli ýygyndysy ABŞ-da geçiriljek dünýä çempionatynyň başlanmagynyň öňüsyrasynda sport lybaslarynyň we enjamlarynyň ogurlanmagy bilen ýüzbe-ýüz boldy. Britaniýanyň «Daily Mail» gazetiniň ýazmagyna......

06.06.2026 08:15
4.8k+

Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi....