Dewid Bekhem Holliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ýyldyz alar

  • 06.06.2026 08:15
  • 4.8k+

Futbol boýunça Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Golliwudyň «Şöhrat alleýasynda» ady ýazylan ýyldyza eýe bolar. Bu barada Holliwudyň Söwda palatasy habar berdi.

Ýyldyzyň açylyş dabarasy 12-nji iýunda Los-Anjeles şäherinde bolar. Bu dabaraly çärä Bekhemiň aýaly —aýdymçy we dizaýner Wiktoriýa Bekhem, şeýle hem aktýor Tom Kruz gatnaşar. 

Dewid Bekhem özüniň professional karýerasyny 2013-nji ýylda tamamlapdy. Ol oýunçy hökmünde «Mançester Ýunaýted», Madridiň «Realy», «PSŽ», «Milan» we «Los-Anjeles Gelaksi» ýaly öňdebaryjy klublarda çykyş etdi.

Klublaryň düzüminde Bekhem alty gezek Angliýanyň çempiony boldy, Ispaniýanyň we Fransiýanyň çempionatlarynda, şeýle hem Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. Ýarymgoragçy Angliýanyň milli ýygyndysynda jemi 115 duşuşyga gatnaşyp, alty ýyl toparyň kapitany hökmünde meýdança çykdy.

2018-nji ýylda Bekhem MLS-iň «Inter Maýami» klubunyň eýelerinden biri boldy. Häzirki wagtda bu toparda «Altyn topuň» sekiz gezek eýesi Lionel Messi çykyş edýär.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......