“PSŽ-niň” hüjümçisi Li Kan In ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy boldy

  • 17.10.2025 18:53
  • 4.7k+

“Pari Sen-Žermen” fransuz klubunyň wingeri Li Kan In AFC Awards Riyadh 2025 tarapyndan ýylyň iň gowy aziýaly futbolçysy diýlip ykrar edildi. Bu barada Aziýanyň futbol konfederasiýasy öz resmi saýtynda habar berdi.

Geçen möwsümde hüjümçi ähli ýaryşlarda 49 oýna gatnaşyp, 7 gol geçirdi we 6 assist etdi. Li Kan Iniň umumy oýun wagty 2458 minut boldy.
Ol “PSŽ” bilen bilelikde Çempionlar ligasyny, Fransiýanyň çempionatyny, Kubogyny we Superkubogyny utdy. Li Kan In Günorta Koreýadan Çempionlar ligasynda ýeňiji bolmagy başaran ikinji futbolçy boldy. Birinjisi “Mançester Ýunaýtediň” ýarymgoragçysy Pak Çži Sun bolupdy (2007/08 möwsümi).
Li Kan Iniň Pariž kluby bilen şertnamasy 2028-nji ýylyň tomsuna çenli hereket edýär. Transfermarkt portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 25 mln ýewro barabar. 


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....