Dünýäniň iň uly 20 kluby bir möwsümde €12 mlrd gazandy, onuňam €1,2 milliardy — «Realda»

  • 01.02.2026 17:46
  • 6.9k+

Deloitte kompaniýasy möwsümdäki girdejileri boýunça futbol klublaryna baha berýän Money League ýyllyk reýtingini hödürledi. 2024/25 möwsüminiň lideri tas 1,2 mlrd ýewro girdeji bilen Madridiň «Realy» boldy.
Dünýäniň öňdebaryjy 20 klubunyň umumy girdejisi ilkinji gezek 12 mlrd ýewrodan geçdi. Bu görkeziji geçen möwsüm (11,2 mlrd ýewro) bilen deňeşdirilende 11% ýokarlandy.
Girdeji getiren ugurlar:

  • oýunlar — €2,4 mlrd;
  • teleýaýlymlar — €4,7 mlrd;
  • täjirçilik — €5,3 mlrd.

Täjirçilik girdejileri ilkinji gezek 5 mlrd ýewrodan geçdi we klublaryň girdejileriniň esasy bölegini düzýär. Bu ösüş hemaýatkärlik şertnamalary, klub atributikasynyň satuwy hem-de stadionlaryň we onuň töweregindäki ýerleriň oýun geçirilmeýän günlerinde ulanylmagy arkaly gazanyldy. Soňky agzalan ugur klublaryň stadion infrastrukturasyny dürli göwnaçyjy formatlar arkaly pul serişdesine öwürmäge gönükdirilen biznes-modelleriniň ep-esli ösendigini görkezýär.
Oýunlardan gelýän girdejiler janköýerler üçin hyzmatlaryň gowulanmagy we goşmaça tölegli orunlaryň netijesinde rekord 2,4 mlrd ýewro ýetdi. Teleýaýlym girdejileri 10% ýokarlandy, esasanam, 11-nji orundan 20-nji orna çenli bolan klublar üçin bu görkeziji girdejiniň ýarysyna golaýyny düzýär. Oýunlaryň sanynyň artmagy we on sany klubuň FIFA-nyň Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşmagy ýaýlymlardan gelýän girdejileri 17% artdyrdy.
«Barselona» stadionyň wagtlaýyn ýapykdygyna garamazdan, 975 mln ýewro bilen reýtingde ikinji orny eýeledi. Girdejiler şahsy orunlar ýaly goşmaça girdeji çeşmeleriniň hasabyna 27% artdy.
Sanawda üçünji orunda «Bawariýa» (€861 mln), dördünjide — «PSŽ» (€837 mln) ýerleşdi. Ilkinji bäşligi 836 mln ýewro girdeji bilen «Liwerpul» jemleýär. Mersisaýdlylar iňlis klublarynyň arasynda iň düşewüntlisi boldy.
Soňky on ýylyň dowamynda ilkinji onlukdaky klublaryň ortaça girdejisi 60%, 11-nji orundan 20-nji orna çenli bolan klublaryňky bolsa 84% ýokarlandy. Klublar teleýaýlym bazaryndaky durgunlylygyň öwezini dolmak üçin täjirçilik ugurlaryny we halkara derejesindäki işjeňligini yzygiderli ösdürýär.

 


düýn 14:33
10k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......