Mbappe «PSŽ-e» garşy kazyýet işinde utdy: klub oňa 61 mln ýewro tölär

  • 17.12.2025 10:17
  • 6.6k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öňki kluby «Pari Sen-Žermene» garşy tölenmedik zähmet haklary we bonuslar bilen bagly kazyýet işinde ýeňiş gazandy. Parižiň Zähmet dawalary boýunça kazyýeti «PSŽ-ni» futbolça rugsat tölegleri bilen birlikde 61 mln ýewro tölemäge borçlandyrdy.

Şol bir wagtyň özünde, klubuň öňki oýunçysyna 440 mln ýewro möçberindäki maliýe talaplary doly ret edildi.
Çözgüt şu gün, 16-njy dekabrda biragyzdan kabul edildi. Klub kazyýetiň doly kararyny bir aýyň dowamynda öz resmi saýtynda ýerleşdirmeli. Klubuň karara garşy şikaýat arzasyny bermäge hukugy bar.
Ozal, 2024-nji ýylyň sentýabrynda Fransiýanyň Professional futbol ligasy (LFP) «PSŽ-ni» Madridiň «Realyna» mugt geçen hüjümçä zähmet haky we bonuslar boýunça tölenmedik 55 mln ýewrony tölemäge borçlandyrypdy. Ýöne klub Liganyň özüne garşy şikaýat arzasyny berenden soň, bu iş kazyýete geçirildi.
Maliýe talaplaryndan başga-da, Mbappe klubuň üstünden psihologik basyş üçin şikaýat edip, «PSŽ-ni» 2023-nji ýylda täze şertnama baglaşmaga mejbur etmekde günäkärledi, şol wagt ol esasy düzümden wagtlaýyn çetleşdirilipdi.


düýn 22:49
5.4k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

düýn 13:39
9.4k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......

23.06.2026 14:15
13k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
14k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......