“Liwerpul” ÇL-de “Atletikony” utdy. “Bawariýa”, “Inter” we “PSŽ” 3 utuk gazandy

  • 18.09.2025 13:06
  • 6.3k+

2025/2026 möwsüminiň UEFA-nyň Çempionlar ligasy ýaryşynyň umumy tapgyrynyň ikinji oýun güni “Bawariýanyň”, “Interiň”, “Liwerpulyň” we “Pari Sen-Žermeniň” ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy. Olaryň her biri 3 utuk gazandy.

“Liwerpul” – “Atletiko” 3:2
“Enfilddäki” duşuşyk iň gyzgalaňly oýunlaryň biri boldy. Ýer eýeleri oýnuň eýýäm 6-njy minutyna çenli hasaby 2:0 etdi: Mohammed Salah jerimeden urandan soň, top Endi Robertsona degip, tora girdi, birnäçe minutdan bolsa Salahyň özi gol geçirdi. “Atletikonyň” goragçysy Markos Lýorente arakesmä çenli tapawudy azaltdy, soňra 81-nji minutda jerime meýdanynyň çyzygyndan güýçli urgy bilen hasaby deňledi. “Liwerpulyň” ýeňiş goluny oýna goşulan wagtda Wirjil wan Deýk girizdi.

“Bawariýa” – “Çelsi” 3:1
Mýunhenliler Trewo Çalobanyň awtogoly bilen hasaby açdy. Soňra Garri Keýn penaltiden gol girizdi, şondan soň myhmanlaryň gorag ýalňyşlygyndan peýdalanyp, ikinji goluny geçirdi. “Çelsi” Koul Palmeriň urgusy bilen öz hasabyna diňe bir gol ýazyp bildi.

“Pari Sen-Žermen” – “Atalanta” 4:0
Ýaryşyň häzirki ýeňijisi ýaryşa uly ýeňiş bilen başlady. Eýýäm üçünji minutda Markinýos gol geçirdi, soňra Hwiça Kwarasheliýa artykmaçlygy iki esse artdyrdy. Arakesmeden öň “Atalantanyň” derwezebany Marko Karnesekki Bredli Barkolyň penalti urgusyny yzyna gaýtardy. Oýnuň ikinji ýarymy Nunu Mendeşiň we Gonsalu Ramuşyň gollary bilen tamamlandy.

“Aýaks” – “Inter” 0:2
Markýus Týuram Milan klubunyň iki golunyň hem awtory boldy. Oňa iki gezekde-de Hakan Çalhanoglu kömek etdi – birinji ýarymyň ahyrynda we arakesmeden soň.

Oýun gününiň beýleki oýunlarynda Çehiýanyň “Slawiýa” topary Norwegiýanyň “Budýo-Glimti” bilen deňme-deň oýnady (2:2), grek “Olimpiakosy” bilen Kipriň “Pafos” klubunyň duşuşygy bolsa golsuz tamamlandy (0:0).


şu gün 09:11
594

FIFA 2029-njy ýyldaky Klublaýyn dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 48 topara çenli artdyrmagy meýilleşdirýär

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Ýewropa klublarynyň assosiasiýasy bilen bilelikde 2029-njy ýylda geçiriljek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşyjylaryň sanyny 32-den 48-e çenli artdyrmak......

düýn 23:41
3.2k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.8k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.4k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......