PSŽ 90+5-nji minutda ýeňlişden gutulyp, penaltiler arkaly Fransiýanyň Superkubogyny gazandy

  • 09.01.2026 12:11
  • 11k+

«Pari Sen-Žermen» (PSŽ) taryhynda 14-nji gezek Fransiýanyň Superkubogynyň eýesi boldy. 8-nji ýanwarda Kuweýtiň bitarap meýdançasynda geçirilen final duşuşygynda parižliler «Marsel» toparyndan üstün çykdylar. Oýnuň esasy wagty 2:2 hasabynda tamamlandy, penalti tapgyrynda bolsa PSŽ 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Duşuşykda hasaby 13-nji minutda Usman Dembele açdy.
Roberto De Dzerbiň şägirtleri arakesmeden soň has işjeň oýun görkezip başladylar. Meýson Grinwud öz gazanan penaltisini dürs urup, hasaby deňledi — 1:1. 87-nji minutda parižlileriň goragçysy Wilýam Paço tapy aýyrjak bolup, ony öz derwezesine (awtogol) girizdi we «Marseli» öňe çykardy — 2:1.
PSŽ ähli güýjüni hüjüme tarap gönükdirdi we oýnuň goşmaça berlen 5-nji minutynda Gonsalu Ramuşyň goly arkaly ýeňlişden gutulmagy başardy.
Penalti tapgyrynda PSŽ-niň derwezebany Lýuka Şewalýe oýnuň gahrymany boldy. Ol garşydaşyň iki urgusyny yzyna gaýtaryp, toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.
2013-nji ýyldan bäri geçirilen soňky 13 sany Superkubok ýaryşynda PSŽ 12 gezek kubogyň eýesi boldy. Diňe 2021-nji ýylda «Lill» topary bu "däbi" bozupdy. Şeýle hem, PSŽ-niň hasabynda 1995-nji we 1998-nji ýyllarda gazanylan ýene iki sany Superkubok bar.


düýn 17:07
8k+

Ertir Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrlaryndaky iň gyzykly oýny boljakdyr!

Ertir 23-nji gezek geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň gyzykly oýny bolar. Gürrüň Braziliýa bilen Marokkanyň arasynda geçiriljek duşuşyk hakynda barýar. Geliň, bu netijäni......

düýn 16:24
5.2k+

DÇ-niň 2-nji gününiň jemleri: ilkinji deňlik, ilkinji awtogol we ilkinji uly hasaply ýeňiş

Futbol boýunça Dünýä çempionatynda ikinji oýun gününiň duşuşyklary tamamlandy. Janköýerler bu gezek turniriň ilkinji deňme-deň netijesini, ilkinji awtogola we toparlaryň biriniň uly hasaply ýeňşine şaýat......

düýn 12:33
4k+

«PSŽ» «Realdan» öňe geçip, düzüminiň bahasy boýunça iň gymmat klub boldy

Fransiýanyň «PSŽ» futbol kluby düzümindäki oýunçylaryň umumy bazar bahasy boýunça Madridiň «Realyny» we Angliýanyň «Mançester Siti» klubuny yzda galdyryp, dünýäde birinji orna çykdy. «Transfermarkt» portalynyň......

12.06.2026 18:20
4.2k+

Žoze Mourinýu «Real» bilen üçýyllyk şertnama baglaşdy

Žoze Mourinýu Madridiň «Realynyň» baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada ispan klubunyň resmi saýtynda habar berilýär....