Donnarumma “PSŽ-den” “Mançester Sitä”, Ederson “Fenerbahçä” gidýär

  • 02.09.2025 14:54
  • 6.5k+

Italiýaly derwezeban Janluiji Donnarumma karýerasyny “Mançester Sitide” dowam etdirer. Iňlis kluby fransuz “Pari Sen-Žermeni” bilen futbolçynyň transferi barada ylalaşyk gazandy. Transfer mukdary 39 mln ýewro bolar diýip, žurnalist Fabrisio Romano X sosial ulgamynda habar berdi.

Insaýderiň maglumatlaryna görä, Donnarumma “Mançester Siti” bilen bäşýyllyk şertnama baglaşar. Bu şertnama braziliýaly derwezeban Ederson 14 mln ýewro Türkiýäniň “Fenerbahçe” klubuna gideninden soň ylalaşyldy.
12-nji awgustda Donnarumma “PSŽ-den” gidýändigini habar berdi. Ol bu klubda 2021-nji ýyldan bäri oýnady. Bu döwürde ol toparyň düzüminde dört gezek Fransiýanyň çempionatyny utdy, iki gezek ýurduň Kubogynyň eýesi boldy, geçen möwsümde bolsa Çempionlar ligasyny utdy. Derwezeban halkara derejesinde hem üstünlik gazandy – ol 2021-nji ýylda Italiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Ýewropa çempionatynda ýeňiji boldy.


Ederson “Mançester Sitide” 2017-nji ýyldan bäri çykyş etdi. Klub ony “Benfikadan” 40 mln ýewro satyn aldy. Bu döwürde ol alty gezek Angliýanyň çempiony boldy we 2021-nji ýylda Çempionlar ligasynda ýeňiş gazandy. KHBS-iň maglumatlaryna görä, “Fenerbahçe” 32 ýaşly braziliýaly oýunçyny başga bir türk klubundan – “Galatasaraýdan” kakyp aldy. Ol “Sitä” has bähbitli şertnama teklip etdi.


düýn 19:10
5.4k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.2k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.7k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....