Instagram-y döredijiler pursatlary paýlaşmak üçin täze goşundy döretdiler

  • 05.05.2026 15:24
  • 994

Instagram-a we Facebook-a eýelik edýän Meta kompaniýasy diňe bir gezeklik görlüp, soň bolsa öçýän suratlar arkaly habarlaşmak üçin niýetlenen täze Instants goşundysyny tanyşdyrdy.

Hyzmatyň esasy ideýasy — inflýuenserleriň (täsir edijileriň) we mahabatyň täsiri bolmazdan, adaty mazmuny paýlaşmak usulyna dolanyp barmakdan ybaratdyr. Platforma ulanyjylara gündelik pursatlary hakyky wagt tertibinde paýlaşmaga mümkinçilik berýär.

Instants goşundysynyň aýratynlygy — diňe şol pursatda düşürilen suratlaryň kabul edilmegidir. Işläp düzüjiler suratlary galereýadan ýüklemek ýa-da redaktirlemek guralaryny ulanmak mümkinçiligini aýyrdylar; ulanyjylar öz "pursatlaryna" diňe tekst goşup bilýärler. Üns bilen saýlanan suratlaryň ýerleşdirilýän esasy Instagram ugrundan tapawutlylykda, täze hyzmat hakyky durmuşdaky çalt düşürilen suratlara üns berýär. Bu suratlar dostlar üçin 24 sagatlap elýeterli bolup, soňra yzyna gaýtarylmaz derejede öçüp gidýär.

Meta-nyň wekilleri häzirki wagtda jemgyýetiň isleglerini öwrenmek we erkin aragatnaşyk gurşawyny döretmek üçin Instants-yň dürli wersiýalaryny barlaýandyklaryny belleýärler. Häzirki wagtda bu hyzmat iki formatda: Instagram-yň içindäki aýratyn funksiýa we özbaşdak goşundy görnüşinde elýeterlidir.

Häzirki wagtda Instants goşundysyny Android we iOS ulgamlarynda çäkli sandaky ýurtlaryň, hususan-da Ispaniýanyň we Italiýanyň ýaşaýjylary ýükläp alyp bilerler. Synag tapgyry tamamlanandan soň, hyzmatyň elýeterli boljak ýurtlarynyň sanynyň artmagyna garaşylýar, emma global satuwa çykaryljak anyk wagty entek mälim edilmedi.


19.06.2026 19:38
563

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

11.06.2026 23:54
1.7k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

04.06.2026 11:54
2k+

Duolingo ulanyjylara iň uzak okuw seriýasyny yzyna gaýtarmaga rugsat berdi

Daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin niýetlenen "Duolingo" hyzmaty ulanyjylara ýitiren iň uzyn gündelik okuw seriýasyny dikeltmäge mümkinçilik berýän ýörite aksiýany ýola goýdy. Bu başlangyç köp günlük okuw......