Sosial torlara temmäkä berlene çalymdaş temmi berildi: olar adamlarda garaşlylyk döredýär

  • 27.03.2026 17:36
  • 6.8k+

ABŞ-nyň kazyýet oturdaşlary Meta we Google kompaniýalaryny özüne «baglap goýýan» önümleri öndürmekde günäkär diýip ykrar etdi we olary 6 million dollar möçberinde öwez tölegini tölemäge borçlandyrdy. Gürrüň Instagram we YouTube platformalary barada gidýär.

Keýli G.M. ady bilen görkezilen 20 ýaşly zenan tarapyndan berlen şikaýatda, onuň alty ýaşynda YouTube, dokuz ýaşynda bolsa Instagram ulanyp başlandygy, 10 ýaşyna çenli bolsa onda depressiýanyň dörändigi we öz-özüne zeper ýetirmek ýagdaýlarynyň ýüze çykandygy aýdylýar. Ol sosial torlara bolan garaşlylygyň beýleki adamlar bilen aragatnaşygyna täsir edendigini nygtaýar.

Kazyýet şikaýatçynyň garaşlylygyň döräp biljeginden kompaniýalaryň habarlydygy, ýöne bu barada ulanyjylara duýdurmandygy baradaky delilleri bilen ylalaşdy.

Netijede, kazyýet şol zenana 6 million dollar öwez tölegini belledi, onuň 4,2 million dollaryny Meta (Instagram-yň eýesi), galan 1,8 million dollaryny bolsa Google (YouTube-yň eýesi) tölemeli bolar. Ilkibaşda bu iş boýunça TikTok we Snap Inc. (Snapchat-yň eýesi) hem günäkär hökmünde çekilipdi, ýöne olar zenan bilen kazyýetden öňki ylalaşyga geldi, ylalaşygyň şertleri bolsa aýan edilmeýär.

KGM-iň bähbitlerini belli aklawçy Mark Lanýer gorady. Ol iri kompaniýalara garşy gozgalan uly galmagally işler (mysal üçin, 2016-njy ýylda Johnson & Johnson çaga prisypkasynyň zyýany baradaky iş) bilen tanalýar. Kazyýet onuň öňe süren garaýşyny kabul etdi: sosial torlara bolan garaşlylyk platformalarda ulanyjylar tarapyndan paýlaşylýan haýsydyr bir anyk kontent sebäpli däl-de, platformalaryň öz işleýiş mehanizmleri — yzygiderli waraklamak, wideolaryň awtomatik goýberilmegi we maslahat beriş algoritmleri arkaly emele gelýär.

Bu çözgüt geljekki meňzeş işler üçin nusga hasaplanýar. Kaliforniýada eýýäm müňlerçe meňzeş şikaýat arzalary berildi we indi olaryň sanynyň has-da artmagyna garaşylýar.

KGM-iň şikaýaty boýunça prosesiň tamamlanmagy bilen bir wagtda diýen ýaly Meta korporasiýasy ýene bir möhüm kazyýet işinde ýeňildi: Nýu-Meksiko ştatynyň kazyýeti kompaniýany 375 million dollar tölemäge borçly etdi. Ştatyň prokurory Meta-ny Facebook, Instagram we WhatsApp platformalarynyň howpsuzlygy babatda ulanyjylara ýalňyş pikir bermekde we hakykatda jenaýatçylara kämillik ýaşyna ýetmedik ulanyjylara päsgelçiliksiz elýeterli bolmaga şert döretmekde günäkärledi, bu bolsa köplenç hakyky zorluga we adam söwdasyna getiripdi. Meta bu aýyplamalary ret edip, ýaş ulanyjylary goramak mehanizmlerini ulanýandygyny we jemgyýeti aldamandygyny öňe sürdi.

Bu işde hem aýyplaýan tarap Meta-nyň hyzmatlarynyň ulanyjyny mümkin boldugyça uzak wagtlap saklamak we garaşlylyk döretmek üçin niýetlenendigine aýratyn üns çekdi. Prokurorlaryň pikiriçe, bu ýagdaý çagalary has-da ejizledýär.


şu gün 00:57
3.8k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.3k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

19.06.2026 19:38
621

Threads platformasynyň auditoriýasy ýarym milliard adama ýetdi

Threads sosial ulgamy özüniň aýlyk auditoriýasyny 500 milliona ýetirip, X (öňki Twitter) platformasynyň görkezijilerine golaýlaşdy....

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......