Disney kompaniýasy TikTok bilen Instagram-yň bäsdeşi bolar

  • 12.01.2026 11:06
  • 2k+

CES 2026 sergisinde Disney kompaniýasy 2026-njy ýylda Disney+ platformasynda gysga dik wideolaryň ýerleşdirilip başlanjakdygyny mälim etdi. Ol adamlaryň TikTok bilen Instagram Reels-de görýän wideolaryna meňzeş bolup, ulanyjylary çekmek maksady bilen döredilýär.

Ilkibaşda bu format ABŞ-da elýeterli bolar. Disney kontentiň dürli görnüşlerini gözden geçirýär: ýörite düşürilen gysga wideolar, adaptirlenen sosial wideo, filmlerden we seriallardan käbir sahnalar ýa-da bu formatlaryň utgaşmasy. Kompaniýa munuň tötänleýin wideolar däldigini we olaryň anyk ulanyjynyň gyzyklanmalaryna, ýaşyna we tomaşa edýän zatlaryna görä saýlanjakdygyny belleýär.
Disney Entertainment-iň we ESPN-iň wise-prezidenti Erin Tigiň aýtmagyna görä, täze format Disney+ platformasyny ulanyjylar üçin sosial ulgam ýaly gündelik girilýän ýere öwürmeli.
Ozal kompaniýa ESPN programmasynda şahsylaşdyrylan dik wideo lentasyny işe girizipdi.
Kontent tomaşaçylaryň uzak dowam edýän tele-şüweleňleriň we filmleriň deregine gysga wideo tomaşa etmek endiginden ugur alyp, ykjam goşundylar üçin sazlanar. Täze çemeleşme dürli ýaşdaky ulanyjylaryň gyzyklanmalaryny göz öňünde tutýar we olara tomaşa etmegiň şahsylaşdyrylan tejribesini hödürlär.


06.06.2026 20:43
2.9k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

02.06.2026 17:31
1.3k+

Aşgabatda Disney we Pixar multfilmleriniň simfoniki hitleri ýaňlanar

20-nji iýunda Aşgabadyň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň «Disney&Pixar» atly konserti geçiriler....

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......