Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

  • 03.06.2026 22:59
  • 2.6k+

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular.

Variety žurnalynyň habaryna görä, kompozisiýa gahryman gyz Jessä we onuň öňki bikesi Emili bilen gatnaşygyna bagyşlanýar. Disney täze eseriň Swiftiň kantri aýdym-sazlaryna gaýdyp gelmegini alamatlandyrýandygyny belledi.

Singliň multfilmiň stilinde dizaýn edilen daşky jildi hem görkezildi.

Aýdymçy öz karýerasynyň dowamynda Holliwudyň köp sanly taslamalary üçin aýdymlary ýazdyrypdy. Onuň kompozisiýalary "Açlyk oýunlary", "Çalyň elli öwüşgini: Elli öwüşginlik doýgunrak", "Pişikler" filmlerinde we "Leňňeçleriň aýdym aýdýan ýerinde" dramasynda ýaňlanypdy.

"Oýunjaklaryň taryhy 5" filminiň ýordumy Wudiniň, Bazzanyň, Jessiniň we olaryň dostlarynyň täze başdan geçirmeleri barada gürrüň berer. Bu gezek oýunjaklar täze garşydaş - täze eýeleri Banniniň ünsüni özüne çekýän planşet LilyPad bilen ýüzbe-ýüz bolarlar. Gahrymanlar Banniniň adaty oýunjaklara gyzyklanmasyny täzeden oýarmagyň ýoluny tapmaga synanyşarlar.

Filmiň dünýä derejesinde ilkinji görkezilişini 19-njy iýunda geçirmek meýilleşdirilýär.


23.06.2026 22:06
909

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

22.06.2026 23:12
4.2k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......