Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy
Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....
Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....
Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......
Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......
Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....
2025-nji ýyda ABŞ-nyň sazçylyk pudagynyň umumy girdejisi rekord derejä –11,5 milliard dollara ýetdi. Bu barada Variety neşiri Amerikanyň ses ýazgysy kompaniýalar birleşigine salgylanyp habar berýär. Tölegli striming abunalaryndan gelýän girdejiler 6,8% ösüp, 5,88 milliard dollara ýetdi...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň baýlygy soňky aýlarda 400 million dollar artdy. «Forbes» žurnalynyň täze maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 2 milliard dollara ýetdi. Aýdymçy «Forbes World’s Celebrity Billionaires» sanawynda ýedinji orny eýeleýär...
Fonogramma öndürijileriniň halkara federasiýasy (IFPI) 2025-nji ýylyň iň meşhur on sany albomynyň reýtingini çap etdi. Global sanawda birinji orny «The Life of a Showgirl» albomy bilen Teýlor Swift eýeledi. Reýting düzülende fiziki göterijileriň (kompakt-diskler we winil plastinkalary) satylyşy, sanly göçürmeler hem-de striming platformalaryndaky diňlenme sany hasaba alyndy...
Teýlor Swift ChartMasters-iň wersiýasy boýunça iň üstünlikli aýdymçylaryň sanawynda Madonnadan öňe geçip, bäşinji orny eýeledi. Bu ony aýdym-saz satuwynyň göwrümi boýunça taryhda iň üstünlikli zenan aýdymçy (ýa-da iň köp satylan zenan aýdymçy) edýär...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň “Life of a Showgirl” 12-nji studiýa albomy ilkinji gezek çykanyndan soňky ilkinji ýedi günde 4,002 million nusgada satyldy. Billboard we beýleki halkara habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu görkeziji aýdym-saz senagatynda täze rekord boldy...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň dünýä boýunça The Eras Tour konsert syýahatyna bagyşlap, “Zamananyň soňy” (“The End of an Era”) ady bilen alty bölümli dokumental serial çykarar. Ilkinji iki bölüm 12-nji dekabrda Disney+ platformasynda çykar, galanlary her iki hepdeden iki bölümden goşular...
Teýlor Swift Spotify-da täze rekord goýdy: onuň geljekki “The Life of a Showgirl” albomy resmi çykmazyndan ozal 5 milliondan gowrak ulanyjy tarapyndan çykan badyna diňlemek üçin öňünden ýatda saklanyp galdy. Bu platformanyň taryhynda albomyň şeýle görkezijä ilkinji gezek ýetmegidir...
Teýlor Swiftiň "The Life of a Showgirl" täze albomy bilen bagly geçiriljek kinogörkeziş diňe deslapky sargytlaryň ilkinji gününde 15 mln dollar girdeji getirdi. Aýdymçynyň 20-nji studiýa albomynyň ilkinji görkezilişi 3-nji oktýabra meýilleşdirilýär we uly girdejili çärä öwrüler diýlip garaşylýar...
Aýdymçy Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsiniň adaglanmagy göwherleriň bazaryna uly täsir etdi diýip, The Wall Street Journal habar berýär. Neşiriň maglumatlaryna görä, 26-njy awgustda, adaglanmanyň yglan edilen güni Signet Jewelers we Brilliant Earth zergärlik kompaniýalarynyň paýnamalary, degişlilikde, 3% we 26% ýokarlandy...
Teýlor Swift The Life of a Showgirl atly 12-nji studiýa albomyny yglan etdi. Albom barada aýdymçy ýoldaşy Trewis Kelsiniň we onuň dogany Jeýsonyň alyp barýan New Heights podkastynda aýtdy diýip, The Guardian habar berýär...
Aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji doly metražly filmini surata düşürmäge taýýarlanýar. Ilkibaşda meýilleşdirilişine görä, filmiň edebi esasyny onuň özi ýazmalydy, ýöne indi bu wezipe meşhur "Mirasdüşerler" serialy boýunça tanalýan tejribeli ssenariçi Elis Býorçe tabşyryldy...
Hanym Týusso muzeýi dört yklymyň 13 şäherinde Teýlor Swiftiň mumdan ýasalan 13 sany täze heýkelini hödürledi. Bu muzeýiň 250 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy. Bu başlangyç aýdymçynyň aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolan The Eras Tour konsert syýahatynyň tamamlanmagyna bagyşlanýar...
Amerikaly žurnalist Nora Prinsiotti Hit Girls kitabyny çykardy, onda Britni Spirsiň, Beýonseniň we Teýlor Swiftiň wakalarynyň üsti bilen 2000-nji ýyllar barada gürrüň berilýär. Awtor öz eserinde bu artistleriň aýdym-saz pudagynda we jemgyýetde pop-ýyldyzlaryň roluny nähili üýtgedendigini öwrenýär...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift özüniň ilkinji alty albomynyň master-ses ýazgylaryny (soň albomlaryň nusgalary alynýan asyl ses ýazgylary) satyn aldy. Ol muny resmi web sahypasyndaky hatynda mälim etdi. Aýdymçy "Munuň hakykata öwrülendigini bilenim bäri, wagtal-wagtal begenjimden aglaýardym...
Asly hytaýly Lýusi Go dünýäniň iň ýaş zenan milliarderleriniň sanawynda Teýlor Swifti yzda galdyrdy. «Forbes-iň» hasaplamasyna görä, Lýusi Gonuň baýlygy 1,25 milliard dollara barabar. Lýusi Go kollejini taşlap, 21 ýaşynda emeli aň tehnologiýasyny işläp düzýän Scale AI kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri boldy...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift soňky on ýylda satylan winil plastinkalarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldy. Onuň albomlarynyň üçüsi iň üstünlikli çykan ilkinji onluga girdi diýip, The Sun habar berýär. Reýtingde...
2-nji fewralda Los-Anjelesde geçiriljek “Gremmi” baýragynyň 67-nji gowşurylyş dabarasynda Teýlor Swift alyp baryjy bolar. Bu barada X sosial ulgamynda ses ýazyjy kompaniýalaryň birleşigi habar berdi. Bu ýyl şüweleň...
Britaniýanyň Superdry moda brendi Teýlor Swifti iň ýaraşykly stili bolan meşhur şahsyýet diýip atlandyrdy. Hünärmenler 2021-nji ýylyň dekabr aýyndan 2024-nji ýylyň noýabr aýy aralygyndaky döwürde moda, egin-eşik...
Teýlor Swift Billboard neşiri tarapyndan “XXI asyryň top-artistleriniň” sanawynda birinji orunda ýerleşdirildi. Reýting 2000-nji ýyldan 2024-nji ýyl aralygynda Billboard 200 albom we Hot 100 aýdym çartlarynda artistleriň...
ABŞ-da Billboard Music Awards 2024 baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şu ýyl iň köp baýrak alan Teýlor Swift boldy. Ol 10 baýraga, şol sanda “Iň gowy ýerine ýetiriji” nominasiýasynda baýraga mynasyp boldy...
Amerikaly pop aýdymçy Teýlor Swiftiň Eras konsert syýahaty rekord 2,08 mlrd dollar ýygnap, aýdym-saz taryhynda iň üstünlikli syýahat boldy. Bu barada The New York Times neşirine artistiň wekilleri habar berdi....
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift yzygider ikinji ýyl Spotify aýdym-saz platformasynda 2024-nji ýylyň iň meşhur aýdymçysy boldy. Onuň aýdymlary 26,6 mlrd gezek diňlenildi diýlip, akym hyzmatynyň saýtynda habar berilýär...
Billboard aýdym-saz neşiriniň wersiýasyna görä, Beýonse XXI asyryň iň uly pop ýyldyzy hökmünde ykrar edildi. Ol soňky 25 ýylyň iň gowy estrada ýerine ýetirijileriniň sanawynda birinji ýeri eýeledi. Neşir onuň häzirki...
Billboard Music Awards 2024-nji ýylyň baýragyna dalaşgärleriň sanawyny hödürledi. Bu ýyl nominasiýa sany boýunça öňdebaryjy kantri ýerine ýetirijisi Zak Braýan boldy, ol 21 kategoriýada baýraga dalaş edýär. Bu...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift aýdym-saz taryhynda iň köp girdeji gazanan konsert syýahaty bolan “Eras Tour” barada kitap çykarar. Bu barada ol sosial ulgamlarda habar berdi. Swift dünýä boýunça çykyşlary barada...
“Forbes” Teýlor Swifti dünýäniň iň baý zenan sazandasy diýip atlandyrdy. Onuň baýlygy 1,6 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Swift baýlygy 1,4 mlrd dollar bolan Riannadan öňe geçdi. Şeýle-de bolsa, “Diamonds” aýdymyny...
Nýu-Ýorkda geçen gije geçirilen MTV Video Music Awards 2024 dabarasynda dürli aýdym-saz kategoriýalarynda ýeňijiler yglan edildi. Dabarada iň köp baýrak alan aýdymçy Teýlor Swift boldy. Ol jemi 7 baýrak gazanyp...
Amerikaly aýdymçy we aýdymlaryň awtory Teýlor Swift 14 ýaşynda ýazan kitabyny çykarmakçy bolýar. Bu barada The Sun habar berýär. “Gyzjagaz adyny alan gyz” atly roman gyz deregine ogul islän ene hakda gürrüň berýär...
7-nji awgusta geçilen gije Los-Anjelesde MTV Video Music Awards (VMA) 2024 aýdym-saz baýragyna dalaşgärler yglan edildi. Nominasiýa sany boýunça lider Teýlor Swift (10) boldy. Bir ýyl öň hem Swift on bir nominasiýa...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift Şweýsariýanyň Sýurih şäherinde konsert berdi, bu hem kiçiräk ýertitremä sebäp boldy. Bu barada ýerli seýsmologiýa gullugy (SED) habar berýär. Konsert 9-njy iýulda geçirildi we oňa...
Germaniýanyň Gelzenkirhen şäheri Teýlor Swiftiň konsertleriniň öňüsyrasynda wagtlaýynça Swiftkirhen adyny alar. Bu barada Der Spiegel habar berýär. Bu pikir şäheriň adynyň wagtlaýynça üýtgedilmegini haýyş eden...
Madridiň “Real” futbol kluby amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň “The Eras Tour” global konsert syýahatynyň çäklerinde toparyň “Santýago Bernabeu” stadionynda berjek konsertinden 9 mln ýewrodan gowrak girdeji gazanar...
Teýlor Swiftiň ýakyn wagtda Liwerpulda boljak konsertleriniň hormatyna şäher adyny bir hepde "Teýlor-Taun" diýip üýtgeder diýip, BBC ýazýar Iýun aýynyň 8-14-i aralygynda aýdymçynyň dünýäniň dürli künjeginden gelen...
Teýlor Swiftiň konsert syýahaty aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolup biler. The Eras Tour-yň Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetini 1 milliard funt sterling ýokarlandyrmagyna garaşylýar diýip, “Business Matters” Barclays...
Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift “The Tortured Poets Department” ady bilen täze studiýa albomyny çykardy. Albom pop-ýyldyzynyň diskografiýasynda 11-nji boldy we ol iki bölekden durýar. Aýdymçy albomyň relizi barada...
Amerikaly kinorežissýor, “Ýyldyz söweşijilerini” dörediji Jorj Lukas ýylyň iň baý meşhur adamy adyna eýe boldy. “Forbes” žurnalynyň maglumatlaryna görä, onuň baýlygy 5,5 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. Ikinji...