Teýlor Swift täze "The Life of a Showgirl" albomyny yglan etdi

  • 15.08.2025 18:48
  • 4.1k+

Teýlor Swift The Life of a Showgirl atly 12-nji studiýa albomyny yglan etdi. Albom barada aýdymçy ýoldaşy Trewis Kelsiniň we onuň dogany Jeýsonyň alyp barýan New Heights podkastynda aýtdy diýip, The Guardian habar berýär.

Swift bulaşyk winil plastinkasyny görkezip, “Bu meniň täze The Life of a Showgirl albomym” diýdi.
Albomyň çykjak senesi heniz tassyklanmadyk. Saýtda 13 oktýabr görkezilýär, ýöne onuň deslapkydygy we maglumat täzelenenden soň anyklaşdyryljakdygy bellenilýär.
Albomyň winil wersiýasy eýýäm deslapky sargyt üçin 30 dollardan, kasseta – 20 dollardan, posterli CD – 13 dollardan elýeterli.
35 ýaşly aýdymçy bütin dünýäde 200 mln töweregi ses ýazgysyny satyp, zenanlaryň arasynda ABŞ-nyň çartlarynda birinji orny eýelän albomlarynyň sany boýunça rekord goýdy. Onuň dünýä syýahaty Eras milliard dollar bahaly taryhda ilkinji konsert syýahaty boldy: bir günde 2,4 mln petek satyldy, 21 aýda girdeji bolsa 2 mlrd dollardan geçdi. Forbes-iň hasaby boýunça, Swift her konsertde 10-13 mln dollar gazandy.
Aýdymçynyň soňky albomy The Tortured Poets Department 2024-nji ýylda çykdy we Spotify-da diňlemeleriň sany boýunça rekord goýdy – bir günde 300 mln we bäş günde 1 mlrd. Bu Swifti Billboard Hot 100 saýtynda ilkinji 14 orny eýelän birinji artist etdi.
2025-nji ýylyň maý aýynda ol ilkinji alty albomyna hukuk satyn alyp, olara doly gözegçiligi gazandy.


03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.3k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.3k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....