Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

  • 30.04.2026 19:23
  • 5.7k+

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär.

Arzanyň ikisi aýdymçynyň sesi bilen baglanyşykly bolup, olar «Hey, it's Taylor Swift» («Salam, bu Teýlor Swift») we «Hey, it's Taylor» («Salam, bu Teýlor») diýen sözlemleri öz içine alýar.

Üçünji arza daşky keşbe degişlidir. Onda aýdymçy gara kemer dakylgy gülgüne gitaraly, kümüş bezegli reňbe-reň lybasly we ädikli görnüşde suratlandyrylýar.

Neşiriň berýän maglumatyna görä, bu ädimler aýdymçynyň keşbiniň we sesiniň emeli aň tarapyndan döredilýän materiallarda rugsatsyz ulanylmagynyň öňüni almaga gönükdirilendir.

Bu arzalary ýüze çykaran intellektual eýeçilik boýunça aklawçy Joş Gerben şeýle düşündirýär:

–  Teoretiki taýdan, eger Swiftiň sesini ulanýan emeli aňa garşy kazyýet işi gozgalsa, ol özüniň hasaba alnan haryt nyşanyna meňzeş islendik ses ulanylyşynyň hukuklaryny bozýandygyny öňe sürüp biler.

Şeýle-de ol goragyň aýdymçynyň daş keşbi üçin hem degişlidigini belleýär.

Arzalar Teýlor Swifte degişli bolan TAS Rights Management kompaniýasy tarapyndan tabşyryldy.


08.06.2026 16:29
3.8k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....

04.06.2026 17:17
5.9k+

1 ýaşamadyk suratkeşem bar, 14 ýaşly alymam: dünýäniň iň ýaş rekordçylary

Çagalaryň käbiri entek mekdebi tamamlamanka dünýä rekordçysyna öwrülmegi başarýarlar. Olaryň sungatda, ylymda, žurnalistikada, moda ugurlarynda gazanan üstünlikleri eýýäm ömürleriniň ilkinji ýyllarynda......