Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

  • 15.05.2026 18:00
  • 3.2k+

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen işleriň sanawyna girizildi.

Şeýle hem sanawa Weezer rok toparynyň 1994-nji ýylda çykan we «The Blue Album» ady bilen bilinýän «Weezer» atly ilkinji albomy, Çaka Hanyň «I Feel For You» aýdymy we 1993-nji ýylda çykan Doom oýnunyň saundtreki hem goşuldy.

Häzirki wagtda Milli sanawda 700-e golaý at bar. Oňa Lui Armstrong, Dýuk Ellington, Maýls Dewis, Green Day, Jay-Z we Alişa Kiz ýaly sazandalaryň ýazgylary girýär. Bu sanawyň amerikan derejesiniň bolmagyna garamazdan, oňa daşary ýurtly ýerine ýetirijiler hem goşulýar. Mundan ozal oňa Selin Dion, Queen topary we Emi Waýnhaus dagy hem girizildi.

Teýlor Swiftiň soňky albomy «The Life of a Showgirl» 2025-nji ýylyň oktýabrynda çykdy. ABŞ-da satuwyň ilkinji hepdesinde albomyň 4 milliondan gowrak nusgasy satyldy. Onuň «The Fate of Ophelia» we «Opalite» atly aýdymlary Billboard 200 sanawynda birinji orunlary eýeledi, üstesine-de, «The Fate of Ophelia» aýdymy on hepdeläp iň ýokary orunda galmagy başardy.

Beýonseniň soňky albomy «Cowboy Carter» 2024-nji ýylyň ýazynda çykdy. Bu iş kantri žanrynyň öwrenilmegine bagyşlandy we aýdymça öz karýerasynda ilkinji gezek «Ýylyň albomy» ugry boýunça «Gremmi» baýragyny getirdi.

«Weezer» toparynyň soňky doly göwrümli relizi bolsa 2022-nji ýylda çykarylan SZNZ atly konseptual mini-albomlar tapgyrydyr. Ol «Spring», «Summer», «Autumn» we «Winter» atly 4 sany möwsümleýin EP-den ybarat.


düýn 16:26
3.5k+

ABŞ-nyň kazyýeti iş wizalary üçin 100 müň dollarlyk tölegi ýatyrdy

ABŞ-nyň federal kazyýeti prezident Donald Trampyň administrasiýasy tarapyndan H-1B wizalaryny almak üçin arza berilende girizilen 100 müň dollarlyk mejbury tölegi kanunalaýyk däl diýip ykrar etdi. Bu barada......

09.06.2026 08:03
14k+

Kazyýet işi Ak tamyň ýanynda geçirilmeli UFC ýaryşyny howp astynda goýdy

UFC ýaryşynyň geçirilmegine bir hepde galanda, ABŞ-nyň harby güýçleriniň weteranlaryny hem öz içine alýan bir topar raýat bu çäräni gadagan etmegi talap edip, käzyýete ýüz tutdular....

08.06.2026 16:29
3.7k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.6k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....