BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

  • 26.05.2026 19:08
  • 3.2k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu ýerine ýetirijileriň her biri üç baýrak gazanmagy başardy.

Aýdymçy Teýlor Swiftiň birbada sekiz sany ugurda dalaşgär görkezilip, bu görkeziji boýunça öňe saýlanandygyna garamazdan, ol ahyrynda ýekeje baýragy hem alyp bilmedi.

Sabrina Karpenter üçin bu AMA baýragy öz karýerasynda ilkinjisi boldy: ol özüniň «Man’s Best Friend» atly albomy bilen «Ýylyň albomy», «Iň gowy zenan pop-aýdymçy» we «Iň gowy pop-albom» kategoriýalarynda ýeňiş gazandy. Günorta Koreýanyň dünýä belli BTS topary bolsa «Ýylyň artisti» we «Tomsuň aýdymy» ýaly baş titullar bilen jemi üç baýrak aldy.

American Music Awards 2026-nyň esasy we žanr ugurlarynda ýeňijileriň sanawy:

  • Ýylyň artisti: BTS
  • Ýylyň täze artisti: KATSEYE
  • Ýylyň albomy: Sabrina Carpenter – Man’s Best Friend
  • Ýylyň aýdymy: The Singing Voices of HUNTR/X: EJAE, Audrey Nuna, Rei Ami – «Golden»
  • Ýylyň kollaborasiýasy: PinkPantheress, Zara Larsson – «Stateside»
  • Sosial torlaryň iň gowy aýdymy: Tyla – «CHANEL»
  • Iň gowy aýdym-saz klibi: KATSEYE – «Gnarly»
  • Iň gowy saundtrek: KPop Demon Hunters
  • Ýylyň konsert syýahaty: Shakira – Las Mujeres Ya No Lloran World Tour
  • Öňegidişlikli konsert syýahaty: Benson Boone – American Heart World Tour
  • Ýylyň öňegidişlikli albomy: Zara Larsson – Midnight Sun
  • Iň gowy retro-aýdym: Black Eyed Peas – «Rock That Body»
  • Iň gowy wokal ýerine ýetirişi: The Singing Voices of HUNTR/X: EJAE, Audrey Nuna, Rei Ami – «Golden»
  • Tomsuň aýdymy: BTS – «SWIM»

Pop-aýdym-saz:

  • Iň gowy erkek pop-aýdymçy: Justin Bieber
  • Iň gowy zenan pop-aýdymçy: Sabrina Carpenter
  • Öňegidişlik gazanan pop-artist: KATSEYE
  • Iň gowy pop-aýdym: The Singing Voices of HUNTR/X: EJAE, Audrey Nuna, Rei Ami – «Golden»
  • Iň gowy pop-albom: Sabrina Carpenter – Man’s Best Friend

Kantri:

  • Iň gowy kantri ýerine ýetiriji erkek : Morgan Wallen
  • Iň gowy kantri ýerine ýetiriji zenan : Ella Langley
  • Iň gowy kantri-topar: Zac Brown Band
  • Öňegidişlik gazanan kantri-artist: Sam Barber
  • Iň gowy kantri-aýdym: Ella Langley – «Choosin’ Texas»
  • Iň gowy kantri-albom: Megan Moroney – Cloud 9

Hip-hop:

  • Iň gowy hip-hop ýerine ýetiriji erkek: Kendrick Lamar
  • Iň gowy hip-hop ýerine ýetiriji zenan: Cardi B
  • Öňegidişlik gazanan hip-hop-artist: Monaleo
  • Iň gowy hip-hop-aýdym: Cardi B – «ErrTime»
  • Iň gowy hip-hop-albom: Cardi B – AM I THE DRAMA?

R&B:

  • Iň gowy R&B ýerine ýetiriji erkek: Bruno Mars
  • Iň gowy R&B ýerine ýetiriji zenan: SZA
  • Öňegidişlik gazanan R&B-artist: Leon Thomas
  • Iň gowy R&B-aýdym: Bruno Mars – «I Just Might»
  • Iň gowy R&B-albom: Bruno Mars – The Romantic

Latyn Amerikasynyň aýdym-sazy:

  • Iň gowy latyn ýerine ýetiriji erkek: Bad Bunny
  • Iň gowy latyn ýerine ýetiriji zenan: Shakira
  • Iň gowy latyn-dueti / topary: Fuerza Regida
  • Öňegidişlik gazanan latyn-artist: Kapo
  • Iň gowy latyn-aýdym: Bad Bunny – «NUEVAYoL»
  • Iň gowy latyn-albom: KAROL G – Tropicoqueta

Rok we alternatiwa:

  • Iň gowy rok / alternatiw artist: Twenty One Pilots
  • Öňegidişlikli rok / alternatiw artist: SOMBR
  • Iň gowy rok / alternatiw aýdym: SOMBR – «back to friends»
  • Iň gowy rok / alternatiw albom: SOMBR – I Barely Know Her

Beýleki žanrlar:

  • Iň gowy elektron saz artisti: David Guetta
  • Iň gowy K-pop artisti: BTS
  • Iň gowy K-pop topary / ýerine ýetiriji zenan: TWICE
  • Iň gowy Afrobeats artisti: Tyla
  • Iň gowy Americana / Folk artisti: Noah Kahan

düýn 10:46
2.7k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......

08.06.2026 16:29
4.1k+

FIFA 2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny çykardy

FIFA 2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi saz albomyny tanyşdyrdy. Ýygynda dürli ýurtlardan bolan ýerine ýetirijiler tarapyndan ýazylan 18 sany kompozisiýa girdi....

06.06.2026 14:40
2.7k+

Aşgabatda konsertler we sergi bilen Azerbaýjanyň medeniýet günleri geçirilýär

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy....

06.06.2026 07:56
2.3k+

«Metallica» rok topary Gyzyl Haç jemgyýetine 10 müňe golaý donor toplap berdi

«Metallica» toparynyň Germaniýada geçiren konsertleriniň dowamynda «Nemes Gyzyl Haç» jemgyýeti bilen bilelikde guralan gan tabşyrmak çäresine 10 müňe golaý adam gatnaşdy....