Teýlor Swift ABŞ-nyň ses ýazgysy senagatynyň girdejisini rekord derejä ýetirdi

  • 23.03.2026 10:26
  • 1.2k+

2025-nji ýyda ABŞ-nyň sazçylyk pudagynyň umumy girdejisi rekord derejä –11,5 milliard dollara ýetdi. Bu barada Variety neşiri Amerikanyň ses ýazgysy kompaniýalar birleşigine salgylanyp habar berýär.

Tölegli striming abunalaryndan gelýän girdejiler 6,8% ösüp, 5,88 milliard dollara ýetdi. Strimingiň umumy düşewündi bolsa 9,5 milliarda dollara deň boldy. Bu görkeziji tutuş pudagyň girdejisiniň takmynan 82%-ini düzýär. Tölegli hasaplaryň sany hem 106,5 milliona çenli köpeldi. Olar senagata 6,4 milliard dollar girdeji getirdi.

Winil plastinkalarynyň söwdasy eýýäm 19 ýyl bäri yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. 1983-nji ýyldan bäri ilkinji gezek olardan gelýän girdeji 1 milliard dollardan aşdy. 2025-nji ýylda 1,04 milliard dollar gymmatynda, geçen ýyldakydan 7,9% köp – 46,8 million plastinka satyldy.

Bu görkezijilere uly goşant goşan Teýlor Swiftdir. Onuň «Life of a Showgirl» albomynyň 1,6 million töweregi winil nusgasy satyldy. Şeýle hem liderleriň arasynda Sabrina Karpenter hem bar. Onuň «Man’s Best Friend» we «Short n’ Sweet» plastinkalary 600 müň sapar satyn alyndy.

ABŞ tölegli striming abunalary boýunça dünýäniň iň uly bazary bolmagynda galýar. Ýurt bu segmentiň dünýä bahasynyň tas üçden birini we winil söwdasynyň global girdejisiniň ýarysyndan gowragyny üpjün edýär. Sazçylyk senagaty ýurduň jemi içerki önümine 212 milliard dollar çemesi goşant goşýar we 2,5 milliondan gowrak iş ornuny goldaýar.


düýn 09:29
3k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

22.06.2026 23:12
4.1k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.3k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.2k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......