Teýlor Swiftiň täze albomy heniz çykmanka 15 mln dollar toplady

  • 26.09.2025 20:59
  • 6.5k+

Teýlor Swiftiň "The Life of a Showgirl" täze albomy bilen bagly geçiriljek kinogörkeziş diňe deslapky sargytlaryň ilkinji gününde 15 mln dollar girdeji getirdi. Aýdymçynyň 20-nji studiýa albomynyň ilkinji görkezilişi 3-nji oktýabra meýilleşdirilýär we uly girdejili çärä öwrüler diýlip garaşylýar.

Ýakynda Swift 3–5-nji oktýabr aralygynda geçiriljek 89 minutlyk “Taylor Swift: The Official Release Party of a Showgirl” atly “kino agşamyny” yglan edipdi. Bu ýerde esasy singl "The Fate of Ophelia" üçin düşürilen täze klip, sahna aňyrsyndaky materiallar we täze aýdymlaryň sözleri ilkinji gezek görkeziler.
Bilermenleriň çaklamasyna görä, ABŞ-da ilkinji dynç alyş günlerinde girdejiler 30–50 mln dollara çenli ýetip biler. Mundan ozal aýdymçynyň Eras Tour atly konsert filmi dünýä boýunça 267,1 mln dollar toplap, öz žanrynda iň girdejili film bolupdy.
Görkezişler diňe ABŞ-da däl, eýsem Kanadada, Meksikada, Ýewropa ýurtlarynda, Günorta Afrikada, Awstraliýada we Täze Zelandiýada hem geçiriler. Biletler 23-nji sentýabrdan satuwa çykaryldy.
Geljekki albom Swift tarapyndan meşhur prodýuserler Maks Martin we Shellback bilen bilelikde taýýarlanyldy. Albomda Sabrina Karpenter bilen duet hem bar. Swiftiň aýtmagyna görä, bu iş onuň Eras Tour atly uly gastrol saparynyň dowamynda başdan geçiren şahsy duýgularyny şöhlelendirýär. Albom Şwesiýada konsertleriň aralygynda ýazgy edilipdir.


03.06.2026 22:59
2.6k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....