Teýlor Swift “Gremmi” dabarasynyň alyp baryjysy bolar. Onuň özi 6 heýkele dalaş edýär

  • 02.02.2025 11:23
  • 4.6k+

2-nji fewralda Los-Anjelesde geçiriljek “Gremmi” baýragynyň 67-nji gowşurylyş dabarasynda Teýlor Swift alyp baryjy bolar. Bu barada X sosial ulgamynda ses ýazyjy kompaniýalaryň  birleşigi habar berdi.

Bu ýyl şüweleň sebitdäki ýangyndan ejir çekenleri goldamaga gönükdiriler. Swift ozal Los-Anjelesdäki ýangyn pidalaryna kömek edýän 10 haýyr-sahawat guramasyna ep-esli kömek goşandyny goşdy, şonuň üçin artistiň alyp baryjy  hökmünde saýlanmagy geň däldir.
Geçen ýyl Swift dördünji gezek iň gowy albom üçin “Gremmi” baýragyna mynasyp bolup, rekord goýdy. Bu baýrak oňa jemi 14 gezek berildi.
Swift bu ýyl iň gowy albom, aýdym, ýylyň ýazgysy, aýdym-saz wideosy, pop duet çykyşy we iň gowy pop wokal albomy ýaly nominasiýalarda alty heýkele dalaş edýär. Ol ýeňiş üçin " The Tortured Poets Department " atly albomy bilen bäsleşer.
Dabara Billi Aýlish, Sabrina Karpenter, Şakira we Charli XCX ýaly ýyldyzlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.


03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....