Teýlor Swiftiň konsertleri mynasybetli Germaniýanyň bir şäheri Swiftkirhen adyny alar

  • 05.07.2024 16:23
  • 4.3k+

Germaniýanyň Gelzenkirhen şäheri Teýlor Swiftiň konsertleriniň öňüsyrasynda wagtlaýynça Swiftkirhen adyny alar. Bu barada Der Spiegel habar berýär.

Bu pikir şäheriň adynyň wagtlaýynça üýtgedilmegini haýyş eden ýerli mekdep okuwçysy Aleşani Westhoffa degişlidir. Şäheriň häkimi Karin Welge bu pikiri goldady we şäher merkezinde şäheriň täze ady bolan ýazgy oturdyldy.
Ýakyn günlerde şuňa meňzeş ýazgylar Gelzenkirheniň beýleki köpçülik ýerlerinde hem peýda bolar. Mundan başga-da, ýerli Şöhrat seýilgähinde aýdymçynyň hormatyna bir daş açylar we Teýlor Swift tramwaýly köçelerden geçer.
Gelzenkirhen şäheri Teýlor Swiftiň “Eras Tour” syýahatynyň çäginde konsert berjek Germaniýanyň ilkinji şäheri bolar. Ýyldyz aýdymçy 17-nji, 18-nji we 19-njy iýulda ýerli “Feltins-Arena” stadionynda çykyş eder. Her konserte takmynan 70 000 adamyň gatnaşmagyna garaşylýar. Gelzenkirheniň öz ilat sany bolsa 260 000 adam.
Bu tejribäniň ozal Liwerpulda ulanylandygyny belläp geçeliň. Iňlis şäheri bir hepdelik Teylor Town diýlip atlandyrylypdy.


şu gün 08:03
3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

03.06.2026 22:59
2.4k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....