Teýlor Swiftiň baýlygy 2 milliard dollara ýetdi

  • 11.03.2026 14:53
  • 5.8k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň baýlygy soňky aýlarda 400 million dollar artdy. «Forbes» žurnalynyň täze maglumatlaryna görä, onuň umumy baýlygy 2 milliard dollara ýetdi.

Aýdymçy «Forbes World’s Celebrity Billionaires» sanawynda ýedinji orny eýeleýär. Bu sanawa baýlygyny miras alman, öz esasy işi bilen milliarder derejesine ýeten meşhur şahsyýetler girizilýär.

Swiftiň kapitalynyň esasy çeşmesi onuň aýdym-saz katalogy boldy. Neşir ony, takmynan, 900 million dollar bilen bahalandyrýar. Şeýle-de, 2024-nji ýylyň ahyrynda tamamlanyp, aýdym-saz taryhynda iň girdejili konsert syýahatyna öwrülen «The Eras Tour» hem bu baýlyga uly goşant goşdy.

Aýdym-sazdan gelýän girdejilerden başga-da, aýdymçynyň aktiwleriniň hatarynda bahasy 100 million dollar töweregi bolan gozgalmaýan emläk toplumy bar. «Forbesiň» sanawynda Swift repçi Jay-Z (2,8 milliard dollar) bilen Brýus Springstiniň (1,2 milliard dollar) arasynda ýerleşdi. Sanawyň ýene bir belli şahsyýeti — baýlygy 1 milliard dollara ýeten we bu sanawa ilkinji gezek goşulan Beýonsedir.

Swiftiň 2025-nji ýylyň oktýabrynda çykan «The Life of a Showgirl» atly täze albomy dünýäde iň köp satylan albomlaryň biri boldy. Bu albomyň esasy aýdymy bolan «The Fate of Ophelia» Billboard Hot 100 sanawynda 10 hepdeläp birinji orunda saklandy, bu bolsa aýdymçynyň karýerasynda ähli aýdymlar üçin rekord görkezijidir.


27.06.2026 11:31
2.1k+

Tarantino bilen aýdymçy Kaýli Minoug bir filmde oýnar

Amerikan režissýory Kwentin Tarantino britaniýaly režissýor Jeými Adamsyň täze filminde surata düşer. Awstraliýaly aýdymçy Kaýli Minoug hem şol filmde oýnar diýip, Variety neşiri habar berýär....

22.06.2026 23:12
4.9k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

22.06.2026 14:28
1.5k+

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

21.06.2026 21:09
1.3k+

Apple Music-iň 11 ýyllygy mynasybetli iň köp diňlenen artistleriň reýtingi düzüldi

Apple Music hyzmatyň taryhynda iň köp diňlenilen 20 ýerine ýetirijiniň sanawyny hödürledi. Bu reýting 2015-nji ýylyň 30-njy iýunynda işe girizilen aýdym-saz platformasynyň 11 ýyllygynyň öň ýanynda peýda boldy.......