Teýlor Swiftiň täze albomy birinji hepdesinde 4 milliondan gowrak nusgada satyldy — bu rekord

  • 17.10.2025 11:50
  • 4.1k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swiftiň “Life of a Showgirl” 12-nji studiýa albomy ilkinji gezek çykanyndan soňky ilkinji ýedi günde 4,002 million nusgada satyldy. Billboard we beýleki halkara habar serişdeleriniň maglumatyna görä, bu görkeziji aýdym-saz senagatynda täze rekord boldy.

Öňki rekord 10 ýyl bäri britan aýdymçysy Adeliň “25” albomyna degişlidi — ol ilkinji hepdesinde 3,378 million nusgada satylypdy.
Mundan başga-da, Teýlor Swift indi Billboard 200 sanawynda ilkinji orny eýelän albomlaryň sany boýunça öňdebaryjy ýerine çykdy. Onuň şeýle 15 albomy bar. Bu görkeziji boýunça ol diňe 19 albomy bolan meşhur The Beatles toparyndan yzda galýar.


23.05.2026 11:06
3.7k+

Iki alpinist Ewereste çykmak boýunça dünýä rekordlaryny täzeledi

Nepally alpinist Kami Rita Şerpa 32-nji gezek Ewereste çykyp, dünýäniň iň belent nokadyna çykmagyň sany boýunça dünýä rekordyny täzeledi. Şol gün onuň watandaşy, 53 ýaşly Lhakpa Şerpa hem 11-nji gezek......

21.05.2026 16:05
7.9k+

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, dünýä rekordyny goýdular

Braziliýaly üç uýa jemi 316 ýaşap, uzak ýaşamak boýunça dünýä rekordyny goýdy. Bu barada Need To Know neşiri habar berdi....

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

13.05.2026 23:15
4.1k+

15 ýaşly towşan öz görnüşi boýunça dünýäde iň garry diýlip ykrar edildi

Herbi lakamly "ýolbars kelleli" towşan häzirki wagtda ýaşaýan towşanlaryň iň garrysy diýlip ykrar edildi. Ginnesiň rekordlar kitabynyň saýtynda habar berlişi ýaly, rekord hasaba alnan pursatynda onuň ýaşy 15......