Teýlor Swiftiň adaglanmagy gymmat bahaly daşlaryň bazarynyň ösüşine itergi berdi

  • 02.09.2025 22:20
  • 9k+

Aýdymçy Teýlor Swift bilen amerikan futbolynyň oýunçysy Trewis Kelsiniň adaglanmagy göwherleriň bazaryna uly täsir etdi diýip, The Wall Street Journal habar berýär.

Neşiriň maglumatlaryna görä, 26-njy awgustda, adaglanmanyň yglan edilen güni Signet Jewelers we Brilliant Earth zergärlik kompaniýalarynyň paýnamalary, degişlilikde, 3% we 26% ýokarlandy. Iň uly göwher eksportçysy bolan Hindistandan harytlara ABŞ-nyň 50 göterimlik paçlarynyň girizilendigine garamazdan, soňky günlerde bu kompaniýalaryň paýnama bahalary ösmegini dowam etdirip, 5 günde 3,4% we 35,8% goşdy.
Soňky ýyllarda tebigy göwherleriň bazary kynçylyk bilen ýüzbe-ýüz bolýar: emeli daşlar önümçilikde arzan düşýär we uly girdeji getirýär. Bu hem şeýle bezegleriň bahalaryny elýeterli edýär, olara bolan isleg hem ýokary bolýar. Analitikler bazaryň iri oýunçylarynyň hem tebigy, hem emeli daşlar bilen işleýändigini, munuň hem olaryň ornuny berkitmäge kömek edýändigini belleýär.


CNBC Trewis Kelsi tarapyndan sowgat berlen ýüzügiň 250-500 müň dollar bilen bahalandyrylýandygyny habar berýär. Aýdymçy tarapyndan hödürlenen suratlarda tebigy daşly ýüzük görünýär. Hünärmenleriň pikiriçe, tema bolan gyzyklanma emeli göwherli bezeg önümleriniň hem satuwyna itergi berip biler.
Adaglanma baradaky habaryň töwereginde gyzgalaňyň artýan döwründe Netflix-iň Swift bilen Kelsiniň gatnaşygy barada dokumental film düşürmek hukugyny satyn almakçydygy belli boldy. Kompaniýa oňa uly býujet bölüp aýyrmaga taýýar diýip, The Sun neşiri ýazýar.

“Mundan başga-da, Netflix aşyk-magşuklaryň toýuna eksklýuziw elýeterlilik almak üçin göreşmegi meýilleşdirýär. Ol uly waka bolar we platforma wakalaryň jümmüşinde bolmak isleýär” – diýip, çeşme habar berýär. 


03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....