Hanym Týusso muzeýi Teýlor Swiftiň bir wagtyň özünde 13 heýkelini döretdi

  • 02.08.2025 15:22
  • 4.2k+

Hanym Týusso muzeýi dört yklymyň 13 şäherinde Teýlor Swiftiň mumdan ýasalan 13 sany täze heýkelini hödürledi. Bu muzeýiň 250 ýyllyk taryhynda iň uly taslama boldy.

Bu başlangyç aýdymçynyň aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolan The Eras Tour konsert syýahatynyň tamamlanmagyna bagyşlanýar.
Muzeýiň saýtynda habar berlişi ýaly, heýkeller aýdymçyny bu syýahatdan dürli sahna obrazlarynda şekillendirýär. Taslamanyň üstünde 40-dan gowrak hudožnikden ybarat topar 14 aýlap işledi. Muzeýiň işgärleri aýdymçynyň kostýumlaryny takyk gaýtalamak üçin belli moda öýleriniň birnäçesi bilen hyzmatdaşlyk etdi.
Eksponatlar eýýäm muzeýiň London, Nýu-Ýork, Las-Wegas, Orlando, Berlin we Sidneý şäherlerindäki şahamçalarynda goýuldy. Göçme sergi Şanhaýda hem peýda bolar.
Bir wagtyň özünde bir adamyň 13 heýkelini döretmek muzeý üçin görlüp-eşidilmedik waka boldy. Mundan ozal has köp heýkel Garri Staýlz (2023-nji ýylda ýedi heýkel) we Ledi Gaga (2011-nji ýylda sekiz heýkel) üçin döredilipdi.


03.06.2026 22:59
2.5k+

Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" üçin aýdym ýazdy

Aýdymçy Teýlor Swift "Oýunjaklaryň taryhy 5" animasiýa filmi üçin üýtgeşik kompozisiýa ýazdy. I Knew It, I Knew You atly aýdym 5-nji iýunda çykar we filmiň resmi saundtrekine goşular....

26.05.2026 19:08
3.2k+

BTS, Katseye we Sabrina Karpenter American Music Awards-da Teýlor Swifti baýraksyz galdyrdy

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda American Music Awards 2026 (AMA) aýdym-saz baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýeleri Katseye, Sombr, Sabrina Karpenter, BTS we Bruno Mars boldy — bu......

15.05.2026 18:00
3.2k+

Weezer-iň, Teýlor Swiftiň we Beýonseniň ýazgylary ABŞ-nyň Milli sanawyna goşuldy

Teýlor Swiftiň «1989» (2014) albomy we Beýonseniň «Single Ladies (Put a Ring on It)» aýdymy ABŞ-nyň Milli ses ýazgylarynyň sanawyna (reýestr) — medeni, taryhy ýa-da estetik taýdan ähmiýetli diýlip ykrar edilen......

30.04.2026 19:23
5.7k+

Teýlor Swift emeli aňdan goranmak üçin sesini we keşbini haryt nyşany hökmünde hasaba aldyrýar

Meşhur aýdymçy Teýlor Swift ABŞ-nyň Patentler we haryt nyşanlary edarasyna haryt nyşanlaryny hasaba aldyrmak üçin üç sany arza tabşyrdy diýip, Variety neşiri habar berýär....