Teýlor Swiftiň konsert syýahaty $2 mlrd bilen taryhda iň girdejili syýahat boldy

  • 13.12.2024 11:32
  • 4.1k+

Amerikaly pop aýdymçy Teýlor Swiftiň Eras konsert syýahaty rekord 2,08 mlrd dollar ýygnap, aýdym-saz taryhynda iň üstünlikli syýahat boldy. Bu barada The New York Times neşirine artistiň wekilleri habar berdi.

Şeýle mukdar birnäçe aý mundan ozal goýlan öňki rekorddan iki esse köpdür. Gürrüň britaniýaly rok topary Coldplay-iň Music of the Spheres global syýahaty barada gidýär. Topar 156 çykyş üçin petek satuwyndan 1 mlrd dollardan gowrak gazandy we ol häzirem, eger 2025-nji ýyla çenli täze seneleri goşsa, tapawudy azaldyp biler.
Üçlüge Farewell Yellow Brick Road syýahatynyň dowamynda 939 mln dollar gazanan Elton Jon girýär.
Teýlor Swift öz konsert syýahatynyň çäklerinde 149 çykyş geçirdi. Taylor Swift Touring kompaniýasynyň habar bermegine görä, umumy girdeji mukdary 2 077 618 725 dollar boldy. Belläp geçsek, bu şeýle maglumatyň ilkinji gezek resmi taýdan aýan edilmegidir.
Eras Tour uly isleg bilen tapawutlandy. Umuman alanyňda, Swiftiň konsertlerine 10 168 008 adam gatnaşdy. Petegiň ortaça bahasy 204 dollar boldy, Ticketmaster ulgamy bolsa 3,5 mlrd arza kabul etdi. Londondaky Uembli stadionynda geçirilen konsertlere 750 müňden gowrak adam gatnaşdy, bir şüweleňe iň ýokary gatnaşyjylyk Melburnda 96 006 tomaşaçy boldy.


25.06.2026 23:36
5.9k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.3k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......