Teýlor Swiftiň entek çykmadyk albomy Spotify-da rekord goýdy

  • 01.10.2025 17:46
  • 4.6k+

Teýlor Swift Spotify-da täze rekord goýdy: onuň geljekki “The Life of a Showgirl” albomy resmi çykmazyndan ozal 5 milliondan gowrak ulanyjy tarapyndan çykan badyna diňlemek üçin öňünden ýatda saklanyp galdy. Bu platformanyň taryhynda albomyň şeýle görkezijä ilkinji gezek ýetmegidir. Ozal öňünden kolleksiýa goşmak boýunça rekord onuň geçen ýylky “The Tortured Poets Department” albomyna degişlidi.

Täze albomyň relizi 3-nji oktýabra meýilleşdirilýär. Bu aýdymçynyň 12-nji studiýa albomy bolar. Albomyň çykjak güni Swift Grem Nortonyň şüweleňinde çykyş eder. ABŞ-da 500-den gowrak Target dükany bolsa satuwa başlamak üçin ýarygije açylar.
Albom prodýuserler Maks Martin we Şeýllbek bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Aýdymlaryň sanawyna Sabrina Karpenter bilen duet hem girdi.
Aýdymçynyň aýtmagyna görä, albom onuň “The Eras Tour” konsert syýahatynyň dowamyndaky “joşgunly we dartgynly içki ýagdaýyny” görkezýär. 


düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......