Teýlor Swift winil plastinkalarynyň satuwy boýunça rekord goýdy

  • 10.04.2025 14:13
  • 6.2k+

Amerikaly aýdymçy Teýlor Swift soňky on ýylda satylan winil plastinkalarynyň sany boýunça öňdebaryjy boldy. Onuň albomlarynyň üçüsi iň üstünlikli çykan ilkinji onluga girdi diýip, The Sun habar berýär.

Reýtingde öňdebaryjy Midnights albomy boldy, ikinji orny The Tortured Poets Department eýeledi, dördünji orunda bolsa, üçlükde Garri Staýlsyň Harry’s House-na ornuny beren 1989 boldy.
Şeýle hem, iň gowularyň hataryna Dewid Bouiniň Legacy-i we Blackstar-i, Staýlsyň ýene bir - Fine Line albomy, Ed Şiranyň Divide-i, Billi Aýlişiň When We All Fall Asleep Where Do We Go-i we Tame Impala toparynyň Currents-i girdi.


Swiftiň albomlary 2022, 2023 we 2024-nji ýyllarda iň meşhur relizler boldy. Öňki ýyllaryň iň gowulary: ABBA-nyň Voyage-y (2021), Kaýli Minoug-yň Disco-sy (2020), Liam Gallaher-iň Why Me, Why Not-y (2019) we Tranquility Base Hotel & Casino Arctic Monkeys (2018) bolupdy.
Habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, Beýik Britaniýada winile bolan isleg artdy: 2015-nji ýyldan bäri winil plastinkalarynyň paýy 3% -den 34% -e çenli ýokarlandy. 2025-nji ýylda 6,7 million plastinka satyldy. Bu 1994-nji ýyldakydan bäş esse köpdügini aňladýar.


düýn 00:07
4.6k+

Ýewropadaky yssy howa kondisionerlere bolan islegi rekord derejä ýetirdi

Ýewropa yklymyndaky aşa gyzgyn howa şertleri sowadyş ulgamlaryna bolan islegiň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Bu ýagdaý Samsung Electronics, Midea we Mitsubishi Electric ýaly Aziýanyň öňdebaryjy......

24.06.2026 09:29
4.2k+

Balhaşdaky festiwalda agramy 86 kg-dan geçýän «kazyburger» taýýarlandy

Balhaş şäherinde geçirilen «Balkhash Tour Fest — 2026» festiwalynda Gazagystanyň täze resmi gastronom rekordy bellige alyndy. Ýerli aşpezler tomaşaçylaryň we myhmanlaryň gözüniň alnynda ägirt uly «kazyburger»......

18.06.2026 22:32
4.8k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......