Teýlor Swiftiň syýahaty Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetine 1 milliard funt sterling getirip biler

  • 18.05.2024 19:01
  • 10k+

Teýlor Swiftiň konsert syýahaty aýdym-saz taryhynda iň girdejili bolup biler. The Eras Tour-yň Beýik Britaniýanyň ykdysadyýetini 1 milliard funt sterling ýokarlandyrmagyna garaşylýar diýip, “Business Matters” Barclays-yň çaklamasyna salgylanyp, ýazýar.

Belli ýyldyz Beýik Britaniýanyň syýahatyna indikdi aý başlar - Edinburgda, Liwerpulda, Kardiffde, Dublinde we, elbetde, Londonyň Uembli stadionynda (8 konsert) çykyş eder. Açylyşda Paramore toparynyň çykyş etjekdigi, bellenip geçilýär.
Çaklamalara görä, Swiftiň muşdaklarynyň konsertlere gatnaşmak üçin ortaça 850 funt sterling sarp etmeklerine garaşylýar. Çeşmäniň habaryna görä, 1,1 million tomaşaçynyň her bäşinjisi ýörite konsert üçin täze eşik satyn alýar. Şeýle-de bolsa, çykdajylaryň esasy bölegini petekler, ulag we ýaşamak üçin ýer düzýär.
Barclays-yň baş hünärmeni Piter Bruks, Swiftiň muşdaklarynyň wepalylygyny The Beatles-iň iň gowy ýyllaryndaky janköýerleriniň wepalylygy bilen deňeşdirdi. Ol şeýle diýýär: "Janköýerler her konserti kiçi dynç alşa, bileti - ýatdan çykmajak ýatlama, çäräniň özüni bolsa täze eşikler, iýmit we ýadygärlik sowgatlary satyn almak üçin bahana öwürip, özlerinde galan täsirlere has köp baha berýärler.
Milliard dollarlyk bellikden geçen “The Eras Tour”, Singapuryň JIÖ-sine eýýäm ep-esli derejede täsir edip, ýurduň ykdysadyýetine takmynan 250-300 million dollar girdeji getirendigini ýatladýarys.


düýn 23:53
886

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

26.06.2026 11:32
5k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

18.06.2026 22:13
5.5k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....