Karl III Bukingem köşgüniň tennis meýdançasyndaky 106 ýyllyk dress-kody ýatyrdy

  • 18.07.2025 06:42
  • 6.2k+

Patyşa Karl III Bukingem köşgüniň tennis meýdançasynda tennisçileri ak eşik geýmäge borçlandyrýan düzgüni ýatyrdy. Bu barada The Times neşiri habar berýär.

Täze düzgün 106 ýyl – 1919-njy ýylda kort gurlandan bäri hereket eden däbi ýatyrýar.
Neşiriň maglumatlaryna görä, monarh oýunçylaryň özüni has rahat duýmagy üçin talaplary gowşatmak kararyna geldi. Indi oýunlara gatnaşyjylar reňkli sport eşiklerini geýip bilýär.
Meýdany, takmynan, 16,2 gektar bolan kort Birinji jahan urşy tamamlanandan soň guruldy. 1930-njy ýyllarda onda patyşa Georg VI bilen tennisçi Fred Perriniň – “Uly tuwulga” ýaryşlarynyň sekiz gezek ýeňijisiniň arasynda oýun geçirildi. 2000-nji ýylda şazada Endrýu NSPCC çagalar haýyr-sahawat guramasyny goldamak üçin meýdançada Býorn Borg bilen Jon Makinroýyň arasynda haýyr-sahawat oýnuny gurady.
Häzirki günde meýdança patyşanyň maşgalasynyň agzalary, köşk adamlary we olaryň myhmanlary tarapyndan ulanylýar.


19.06.2026 19:18
3.8k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

16.06.2026 23:19
2.3k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

16.05.2026 22:44
6.3k+

Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar....

11.05.2026 15:25
1.6k+

«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany......