«Ýetginjeklik döwri» mini-serialy BAFTA TV 2026 baýragynyň 4-üsini aldy

  • 11.05.2026 15:25
  • 1.6k+

Londonda «Emmi» baýragynyň Britaniýadaky meňzeşi bolan BAFTA TV Awards baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy baýrak eýesi «Ýetginjeklik döwri» mini-serialy boldy – bu serial birbada dört sany baýraga mynasyp görüldi.

Uzak we üznüksiz kadrlar formatynda surata düşürilen serial «Iň gowy mini-serial» diýen ugurda ýeňiji boldy. Taslamanyň awtorlarynyň biri we esasy rollaryň birini ýerine ýetiren Stiwen Grem bolsa iň gowy aktýor hökmünde baýrak aldy. Şeýle hem, Ouen Kuper «Iň gowy ikinji derejeli erkek keşbi» we Kristin Tremarko «Iň gowy ikinji derejeli zenan keşbi» ugrunda baýraklary gazandy.

BAFTA TV Awards 2026-nyň ýeňijileriniň doly sanawy:

  • Iň gowy erkek keşbi: Stiwen Grem («Ýetginjeklik döwri» / Переходный возраст);
  • Iň gowy zenan keşbi: Narjes Raşidi («Tussag 951» / Заключенная 951);
  • Iň gowy dramatik serial: «Dymyşlyk kodeksi» (Кодекс молчания);
  • Iň gowy mini-serial: «Ýetginjeklik döwri»;
  • Iň gowy halkara programma: «Kinostudiýa»;
  • Iň gowy güýmenje şouwy: «Soňky gülen: Beýik Britaniýa» (Хорошо смеётся тот, кто смеётся последним: Великобритания);
  • Iň gowy realiti-şou: «Celebrity Traitors»;
  • Iň gowy ikinji derejeli aktýor: Ouen Kuper («Ýetginjeklik döwri»);
  • Iň gowy ikinji derejeli aktrisa: Kristin Tremarko («Ýetginjeklik döwri»);
  • Iň gowy komediýa: «Amandalend»;
  • Komediýada iň gowy aktýor: Stiw Kugan («Sen nähili? Bu Alan» / Ты как? Это Алан);
  • Komediýada iň gowy aktrisa: Ketrin Parkinson («Gitdik» / Поехали);
  • Iň gowy dokumental film: «Grenfell: Uncovered»;
  • Iň gowy aktual dokumental taslama: «Gaza: Lukmanlar hüjüm astynda» (Газа: Врачи под ударом);
  • Iň gowy sport ýaýlymy: UEFA Women’s Euro 2025;
  • Iň gowy soap-opera: «Ist-Endiň ýaşaýjylary» (Жители Ист-Энда);
  • Iň gowy çagalar serialy: «Krongton»;
  • Iň gowy gysga metražly taslama: Hustle and Run;
  • Iň gowy faktologik serial: «See No Evil»;
  • Iň gowy ýöriteleşdirilen dokumental taslama: «Simon Schama: The Road to Auschwitz».

19.06.2026 20:14
3.8k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

19.06.2026 19:18
3.3k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......

19.06.2026 11:08
2.6k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.5k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....