Dewid Bekhem ilkinji britaniýaly milliarder türgen boldy

  • 16.05.2026 22:44
  • 6.4k+

Angliýanyň milli ýygyndysynyň öňki kapitany Dewid Bekhem Beýik Britaniýadan bolan ilkinji milliarder türgen diýlip ykrar edildi. Bu barada «The Times» neşiri ýazýar.

51 ýaşly türgeniň we onuň aýaly — aýdymçy hem-de dizaýner Wiktoriýa Bekhemiň baýlygy häzirki wagtda 1,185 milliard funt sterling ($1,58 mlrd) diýlip bahalandyrylýar. Är-aýalyň baýlygy soňky bir ýylyň içinde iki esseden gowrak ýokarlandy.

«The Times» munuň, esasan, Bekhemiň MLS-iň «Inter Maýami» klubuna goýan maýa goýumlary bilen baglanyşyklydygyny ýazýar. Ol 2018-nji ýylda bu klubuň eýeleriniň biri boldy we häzir onuň topardaky paýynyň bahasy, takmynan, 300 mln funt sterlinge ýetýär.

«Forbes» žurnalynyň soňky milliarderler sanawynda türgenlerden Maýkl Jordan ($4,3 mlrd), Medjik Jonson ($1,6 mlrd), Lebron Jeýms ($1,4 mlrd), Taýger Wuds ($1,5 mlrd) we Rojer Federer ($1,1 mlrd) bardy.

Bekhem karýerasyny 2013-nji ýylda tamamlady. Ol «Mançester Ýunaýted», «Real Madrid», «PSŽ», «Milan» we «Los-Anjeles Gelaksi» ýaly klublarda çykyş etdi. Angliýanyň, Ispaniýanyň, Fransiýanyň çempiony hem-de Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.

Milli ýygyndynyň düzüminde ol 115 oýna gatnaşyp, alty ýylyň dowamynda onuň kapitany boldy.


düýn 23:53
790

Korol Karl III Bukingem köşgüne dolanmakdan ýüz dönderdi

Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär....

26.06.2026 11:32
5k+

Finlýandiýada işsizlik XXI asyryň iň ýokary derejesine ýetdi

2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir....

19.06.2026 19:56
6.9k+

Şotlandiýaly janköýer ýygyndysynyň oýny üçin ABŞ-ny pyýada söküp, haýyr-sahawat üçin 1 million funt sterling toplady

Şotlandiýanyň Peýsli şäherinden bolan 22 ýaşly futbol janköýeri Kreýg Fergýuson ABŞ-nyň tutuş çägini pyýada kesip geçdi. Bu barada «WBUR» radiostansiýasy habar berýär....

19.06.2026 19:18
4k+

Ed Şiran gyzlary bilen wagt geçirmek üçin sahnadan gidýär

Meşhur 35 ýaşly britaniýaly aýdymçy Ed Şiran aýdym-saz işini wagtlaýyn bes etmek isleýändigini aýtdy. Artist bu barada häzirki wagtda dowam edýän LOOP gastrolynyň çäklerinde Glendeýlde (Arizona ştaty) bolan......