Beýik Britaniýanyň koroly Karl III we şa zenany Kamilla Bukingem köşgüniň abatlaýyş işleri doly tamamlanyp, taýyn bolandan soň hem ol ýerde ýaşamazlar. Bu barada The Daily Beast neşiri habar berýär.
2026-njy ýylda hem dowam edýän bu köp ýyllyk ägirt uly abatlaýyş işleri sebäpli Karl III 2022-nji ýylda tagta çykandan soň Bukingem köşgünden göçüpdi. Şondan bäri ol Windzor galasynda we täç geýme dabarasyndan öň hem öz esasy ýaşaýan ýeri bolan Klarens-hausda ýaşaýar.
Korolyň kabul eden kararyna görä, köşk indi onuň şahsy rezidensiýasy bolmaz. Mundan beýläk diňe Britaniýa monarhiýasynyň dabaraly merkezi hökmünde öz ornuny saklap galjak binada şa maşgalasynyň işgärleri işlär, resmi çäreler geçiriler we jahankeşdeler üçin gezelençler guralar.
Bukingem köşgi 18-ýaşly şa aýaly Wiktoriýanyň 1837-nji ýylda bu ýere göçüp gelen gününden bäri Britaniýa monarhlarynyň iň esasy we baş köşgi bolup hyzmat edip geldi.