2026-njy ýylyň maý aýynda Finlýandiýada işsizleriň sany 376 müň adama ýetdi. Bu bolsa soňky 28 ýyldaky iň ýokary görkezijidir.
Ýurduň Statistika müdirliginiň maglumatlaryna görä, bir ýyl ozal işsizleriň sany 308 müň adam bolupdyr.
Aýratyn hem 15-24 ýaş aralygyndaky ýaşlaryň arasynda işsizligiň ep-esli artandygy bellenildi: bu topardaky işsizleriň sany 44 müň adam köpeldi. Şol bir wagtyň özünde, olaryň 83%-e golaýy ýokary bilimli ýaşlardyr.
Möwsümleýin düzgünleşdirilen işsizlik derejesi 10,8%-e ýetdi, bu geçen ýyldaky görkezijiden 1,5 göterim ýokarydyr. Zähmet bilen üpjünçilik derejesi bolsa 75,2%-e çenli peselip, COVID-19 pandemiýasy döwründäki görkezijilere gaýdyp geldi.
Zähmet bazaryndaky ýagdaýy boş iş orunlaryna bolan ýokary bäsleşik hem görkezýär. Hesburger torundaky 300 wagtlaýyn iş orny üçin 27 müňe golaý, Lidl-daky tomusky iş orunlary üçin bolsa 36 müňden gowrak iş arzasy gelip gowuşdy.
Finlýandiýanyň Zähmet we ykdysadyýet ministrliginiň işsizligiň ýokary derejesi azyndan 2028-nji ýylyň ahyryna çenli saklanar diýen çaklamany öňe sürýär.