Günorta Koreýa taryhda ilkinji gezek Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan öňe geçmegi başardy we kosmetika önümleriniň eksport möçberi boýunça dünýäde ikinji orny eýeledi. 2025-nji ýylyň netijelerine görä, Günorta Koreýanyň kosmetika önümleriniň eksporty 11,4 milliard dollara ýetdi, pudagyň söwda profisiti bolsa 10 milliard dollardan geçdi.
Koreýa Respublikasynyň Azyk önümleriniň we derman serişdeleriniň howpsuzlygy ministrliginiň hasabatyna görä, kosmetika pudagynyň söwda profisiti öňki ýyl bilen deňeşdirilende 13,5% ýokarlanyp, bir ýyl ozalky 8,9 milliard dollara garanyňda 10,1 milliard dollara barabar boldy. Edaranyň bellemegine görä, bu ösüş koreý kosmetikasynyň dünýädäki meşhurlygy we import derejesiniň durnuklylygy netijesinde üpjün edildi.
Bu pudagyň paýyna ýurduň umumy söwda profisitiniň 12,9%-i düşdi. Ýurduň umumy söwda profisiti bolsa 2025-nji ýylda 78 milliard dollara ýetdi, bu 2017-nji ýyldan bäri iň ýokary görkezijidir.
Fransiýa 24,3 milliard dollar görkeziji bilen dünýäniň kosmetika eksportçylarynyň arasynda birinji ornuny saklap galdy. ABŞ 10,8 milliard dollarlyk eksport bilen indi üçünji ýerde ýerleşýär.
Ilkinji gezek hut Amerikanyň Birleşen Ştatlary koreý kosmetikasynyň iň uly bazary boldy — bu ýere ugradylan harytlaryň möçberi 2,2 milliard dollara ýetdi. Hytaýa eksport bolsa 2 milliard dollara barabar boldy. Analitikler eksport gurluşynyň üýtgemegini bazarlaryň diwersifikasiýalaşdyrylmagy we koreý brendleriniň ABŞ-da hem-de Ýewropada öz ornuny giňeltmegi bilen baglanyşdyrýar. Hytaýa iberilýän harytlaryň 19% azalmagyna garamazdan, pudagyň umumy eksporty ösmegini dowam etdirdi.
Günorta Koreýanyň kosmetika önümlerini import edýän ýurtlaryň sany 172-den 202-ä çenli köpeldi. Aýratyn hem Ýewropada düýpli ösüş hasaba alyndy. Koreý kosmetikasynyň Polşa importy 115%, Birleşen Arap Emirliklerine bolsa 70,6% ýokarlandy.
Günorta Koreýada kosmetika önümçiliginiň möçberi 2025-nji ýylda 2,3% artyp, 13,5 milliard dollara ýetdi. Iň iri öndürijiler öňküsi ýaly LG Household & Health Care we Amorepacific kompaniýalary boldy. ODM kompaniýalarynyň arasynda bolsa COSMAX, Kolmar Korea we Cosmecca Korea öňde barýar.
Ýurduň häkimiýetleri bu pudagy goşmaça goldamagy meýilleşdirýär. 2028-nji ýyldan başlap Günorta Koreýa öndürijileriň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny ýeňilleşdirmek maksady bilen kosmetikanyň howpsuzlygyna bolan içerki talaplary täzelemäge girişer. Mundan başga-da, sentýabr aýynda ýurtda kosmetika ulgamynda düzgünleşdiriji edaralaryň global maslahaty geçiriler. Hökümet halal kosmetika önümlerini şahadatnamalaşdyrmagy goldamak programmasyny hem işe girizmäge taýýarlanýar.