ABŞ we Ýaponiýa ýapon awtoulaglaryna hem-de beýleki harytlara salynýan paçlary azaltmak barada ylalaşdylar

  • 24.07.2025 18:16
  • 19k+

ABŞ bilen Ýaponiýa käbir ýapon harytlaryna, şol sanda awtoulaglara gümrük paçlaryny azaltmagy göz öňünde tutýan nyrh syýasatyny üýtgetmek barada ylalaşyk gazandy. Muny ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp özüniň Truth Social sosial ulgamynda yglan etdi we bu şertnamany ýurtlaryň arasyndaky “taryhda iň uly” şertnama diýip atlandyrdy.

Şertlere laýyklykda, Ýaponiýa ABŞ-nyň ykdysadyýetine 550 milliard dollar maýa goýar. Munuň öwezine ABŞ 2025-nji ýylyň 1-nji awgustyndan güýje girmeli, meýilleşdirilen 25%-iň ýerine ýapon harytlaryna 15% gümrük pajyny girizer.
Şeýle hem bu şertnama ABŞ-dan Ýaponiýa awtoulaglaryň, tüwiniň we beýleki oba hojalyk önümleriniň iberilmegini göz öňünde tutýar. Trampyň sözlerine görä, bu çäreler “ýüzlerçe müň täze iş ýerlerini” döreder.
Gepleşiklerde Ýaponiýanyň bähbitlerine ýurduň Ykdysadyýeti dikeldiş işleri boýunça ministri Rýoseý Akadzawa wekilçilik etdi. Ol gazanylan ylalaşyklaryň "tutanýerli gepleşikleriň netijesidigini" aýtdy. Akadzawa birnäçe gün Waşingtonda bolup, ABŞ-nyň Maliýe ministri Skott Bessent bilen duşuşdy. Ondan öň amerikan wekiliýeti Ýaponiýadaky sergä gatnaşypdy.
Akadzawa ABŞ-nyň ykdysadyýetine maýa goýumlaryň ýapon kompaniýalarynyň derman we ýarymgeçiriji önümçiligi ýaly birnäçe ugurdaky maýa goýumlaryny goldamak üçin aksiýalar we karzlar görnüşinde boljakdygyny aýtdy.
Indi Ýaponiýa ABŞ bilen beýleki nyrh meseleleri boýunça gepleşikleri dowam etdirer. Hususan-da, bu şertnama polat we alýumin söwdasyna degişli bolmaz - häzirlikçe bu ugurlarda 50% nyrhlaryň hereket edýär.
Şol bir wagtyň özünde ABŞ bilen ÝB nyrhlar barada gepleşikleri dowam etdirýärler. Tramp öň 1-nji awgustdan Ýewropa harytlaryna 25% nyrhyň girizilip bilinjekdigi barada duýduryş beripdi.
2025-nji ýylyň birinji ýarymynda ABŞ-da täze awtoulaglaryň satuwy 3,9% ösdi we olaryň ortaça bahasy bolsa bary-ýogy 97 dollar ýokarlandy we öňküsi ýaly 49 000 dollar töweregi bolup durýar. Şol bir wagtyň özünde, bahasy 30 000 dollara çenli bolan awtoulaglaryň nyrh paýy arzanladyldy.


05.06.2026 15:49
4.4k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
8.7k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......

02.06.2026 12:41
3.4k+

Hyundai gyzmak howpy sebäpli 54 müňden gowrak Elantra Hybrid ulagyny yzyna çagyrýar

Hyundai kompaniýasy gibrid güýç gurluşyny dolandyryş ulgamyndaky mümkin bolan mesele sebäpli ABŞ-da 2024–2026-njy ýyl modellerine degişli 54 337 sany Elantra Hybrid gibrid sedanlaryny yzyna çagyrýandygyny......

29.05.2026 16:35
6.7k+

Toyota ilkinji gezek Ýaponiýada satjak ulaglaryny başga ýurtda öndürip başlar

«Toyota» kompaniýasy ilkinji gezek ýapon bazary üçin esasy modelleriniň önümçiligini ýurduň çäginden daşarda guramakçy: «Noah» we «Voxy» kysymly awtoulaglaryň önümçiligi Taýwanda başlanar, olary Ýaponiýa......