Serdar Berdimuhamedow Russiýada bolup geçen awiaheläkçilik zerarly W.Putine gynanç bildirdi

  • 25.07.2025 11:00
  • 26k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine “Angara” awiakompaniýasynyň raýat uçarynyň heläkçilige uçramagy we köp sanly adam pidalaryna getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutany şu agyr pursatda gurban bolanlaryň ähli dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan ýürekden gynanjyny, medet beriji sözlerini beýan etdi.
“Angara” awiakompaniýasynyň An-24 raýat uçary Habarowsk - Blagoweşensk - Tynda ugry boýunça gatnawy ýerine ýetirýärdi. 24-nji iýulda irden howa gämisi birinji gezekden gonup bilmän, ikinji aýlawa gitdi we şondan soň uçar bilen aragatnaşyk kesildi. Uçarda 48 adam, şol sanda 6 sany ekipažyň agzasy bardy.
Biraz soňra howa gämisiniň bölekleri Tynda şäherinden 15 kilometrlikde dag gerşinde ýüze çykaryldy. Awiaheläkçilikde hiç kim diri galmady.


06.04.2026 14:33
10k+

Suw yzyna gelýär: Dagystan bir hepdede ikinji suw joşgunyny başyndan geçirýär

Dagystanda bir hepdäniň içinde ikinji gezek uly göwrümli suw joşguny boldy. Bu gezekki weýrançylyklaryň netijeleri has-da agyr boldy....

29.03.2026 01:10
16k+

Dagystanda güýçli suw joşguny dowam edýär

Dagystanda dowam edýän çakdanaşa güýçli ýagyşlar uly göwrümli suw joşgunyny emele getirdi. Tebigy hadysa zerarly 14 sany etrapda elektrik üpjünçiligi kesildi. Sebitiň paýtagty Mahaçkala şäherinde 60 müňden......

20.01.2026 14:13
17k+

5 metre çenli gar üýşmegi: Kamçatkada soňky 50 ýylda iň güýçli gar ýagdy

Russiýanyň Kamçatka ülkesiniň administratiw merkezinde, Petropawlowsk-Kamçatskiý şäherinde soňky bir ýarym aýda 50 ýyl bäri görülmedik adatdan daşary gar ýagdy diýip, sebit gidrometeorologiýa merkezine salgylanyp, «Kamçatka-Inform» habar berýär...

05.01.2026 11:44
9k+

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýada bolan pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Şweýsariýanyň Krans-Montana dag-lyža dynç alyş merkezinde bolup geçen pajygaly ýangyn zerarly gynanç bildirdi. «Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi Kran-Montana dag-lyža...